Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günorta Koreýanyň harbylary ýolagçy uçary oka tutdular


Günorta Koreýanyň harbylary şenbe güni Inçhon aeroportuna gonmak üçin aşak inen “Asiana” awikompaniýasynyň ýolagçy uçaryny oka tutdular.

Komandowaniýäniň maglumatyna görä, Demirgazyk Koreýa bilen serhede ýakyn adalaryň birinde postda duran esgerler uçary Demirgazyk Koreýanyň harby uçarydyr öýdüp, awtomatdan oka tutupdyrlar.

Üstünde 119 ýolagçysy bolan, Hytaýdan gelýän uçaryň howply ýagdaýa duçar bolmandygyny, aralygyň ýeterlik derejede uzak bolandygyny awiakompaniýa habar berdi. Bu waka derňelýär.
XS
SM
MD
LG