Sepleriň elýeterliligi

Hytaýyň prezidenti Ukraina resmi sapara bardy


Şenbe güni Hytaýyň prezidenti Hu Jintao soňky 10 ýylda ilkinji gezek Ukraina döwlet saparyna başlady.

Hytaýyň lideri başda Krymda bolup, ondan soň Kiýewe gelýär. Bu ýerde ol Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç bilen gepleşikler geçirer.

“Strategik partýorlygyň prinsipleri hakynda” bilelikdäki jarnama, şeýle-de energiýa, kömür senagaty, oba hojalyk pudagy boýunça ylalaşykdyr kontraktlara gol çekilerne garaşylýar.

Ukrainanyň ýolbaşçylary bilen resmi duşuşyk duşenbe güni bolar.
XS
SM
MD
LG