Sepleriň elýeterliligi

Ýelena Bonner aradan çykdy


Ýelena Bonner Çehiýa respublikasynyň ozalky prezidenti Waslaw Hawel bilen Moskwada duşuşýar. Moskwa, 27-nji fewral, 1990.

Ýelena Bonner Çehiýa respublikasynyň ozalky prezidenti Waslaw Hawel bilen Moskwada duşuşýar. Moskwa, 27-nji fewral, 1990.

Orsýetiň habar serişdeleri 18-nji iýunda orsýetli belli sowet dissidenti, merhum akademik Andreý Saharowyň aýaly Ýelena Bonneriň 88 ýaşynyň içinde aradan çykandygyny habar berdiler.


Maglumata görä, Ýelena Bonner Birleşen Ştatlaryň Boston şäherinde aradan çykypdyr. Ýöne onuň jesediniň Moskwada jaýlanjakdygy habar berilýär.

Ýelena Bonneriň gyzy Tatýana Ýankelewiç habarçylara beren interwýusynda öz ejesinin Boston şäherindäki öz öýünde ölendigini mälim etse-de, onuň ölüminiň sebäpleri barada anyk maglumat bermedi.

Ýelena Bonner 1976-njy ýylda Moskwadaky ynsan hukuklaryny goraýjy Helsinki toparyny esaslandyryjylaryň biri bolupdy. Ol ynsan hukuklaryny goramak boýunça Sowet Soýuzy döwründe başlan işlerini SSSR darganyndan soň hem aktiw dowam etdirdi.

Ol garaşsyzlykdan soňky ýyllarda Orsýetiň ozalky döwlet lideri Wladimir Putiniň alyp baran syýasatynyň ýiti tankytçylaryndan biri boldy.

Ýelena Bonner 1923-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Mary şäherinde dünýä inýär. Birneme soňra onuň maşgalasy Orsýete goçýär.

Onuň kakasy Alihanow Gework Sarkisowiç 1937-nji ýylyň maýynda, ejesi Bonner Ruf Grigorýewna bolsa 1937-nji ýylyň dekabrynda Stalin režimi tarapyndan antisowet işlerinde aýyplanylyp tussag edilýärler.

Ýelenanyň kakasy Alihanow Geworka SSSR-iň ýokary harby tribunaly 1938-nji ýylyň fewralynda atuw jezasyny berýär we ol atylyp öldürilýär. Onuň ejesi Bonner Rufy sud 8 ýyl sürgünlige höküm edýär we ol 1946-njy ýylda sürgünlikden azat edilýär.

Ýelena Bonner (sagda) öz adamsy Andreý Saharow bilen Gorkiý şäherinde, 1985-nji ýyl. Surat olaryň sürgünlikde ýaşap ýören mahallary düşürilen. Olar sürgünlikden 1986-njy ýylda gaýdyp gelýärler.
Ýelena Bonner 1972-nji ýylda belli atomçy alym we ynsan hukuklaryny goraýjy sowet dissidenti Andreý Saharowa durmuşa çykýar.

Andreý Saharow özüniň syýasy garaýyşlary üçin 1980-nji ýylda Gorkiý şäherine sürgün edilýär. Aradan dört ýyl geçip, 1984-nji ýylda Ýelena Bonner hem şol bir aýyplamalar boýunça Gorkiý şäherine sürgün edilýär.

Ýöne är-aýal sürgünlikde-de özleriniň syýasy işlerini dowam etdirýärler. Olar 1986-njy ýylda azat edilýärler, özleriniň sürgünlikde başdan geçirenlerini "Bile ýalňyzlykda" atly kitapda beýan edýärler.

Sürgünlikden Moskwa dolanyp gelensoňlar, olar 1987-nji ýylda Moskwada «Memorial» we «Moskwa tribunasy» ýaly ynsan hukuklaryny goraýjy toparlaryň döredilmegini gazanýarlar.

Andreý Saharow özüniň alyp baran aktiw syýasy-jemgyýetçilik işleri üçin 1975-nji ýylda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolýar. Ol 1989-njy ýylda aradan çykýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG