Sepleriň elýeterliligi

Karzaý: “ABŞ “Talyban” bilen käbir kontaktlary ýola goýdy”


Ýekşenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý Amerikanyň Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky “Talyban” güýçleri bilen käbir kontaktlary ýola goýandygyny mälim etdi.

Ol bu işleriň Owganystanda indi on ýyla golaý wagt bäri dowam edýän urşuň soňuna nokat goýmak maksady bilen alnyp barylýandygyny aýtdy.

Emma resmi Waşington amerikan resmileriniň “Talyban” güýçleri bilen nähilidir bir gepleşik alyp barýandyklaryny tassyklamady.

Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, Ak Tamyň metbugat sekretary Birleşen Ştatlaryň Owganystanda barlyşyk baradaky gepleşikleriň ýola goýulmagyny goldaýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG