Sepleriň elýeterliligi

logo-print
“Türkmenistan” gazetiniň 6-njy maý sanynda “Bir goşgynyň kyssasy” atly göwrümli makalanyň çap bolmagynyň yzysüre, uruş ýyllary orta mekdebiň 5-nji synpynda okan, 12 ýaşly çaganyň tylda görkezen göreldesi barada mahabatly seslenmeleriň peýda bolandygyny aýdyp, Aşgabadyň ýaşaýjysy, pensioner Muhammetguly aga öz döwründe “hudaýlaşdyrylan” ozalky prezident Saparmyrat Nyýazow barada, onuň gahryman ejesi, gahryman kakasy barada hem türkmen metbugatynda ýyllarboýy dürli makalalaryň çap edilip gelnendigini ýatlaýar.

“Nyýazow hem-de onuň ýakynlary barada döredilen goşgularam, aýdymlaram, kinofilmlerem, onuň ady bilen çap edilen kitaplaram, ilkinji prezidentiň ölüminden soň, gysga wagtda unudylyp, onuň ornuna 67 ýylda tanalmadyk täze bir gahryman peýda boldy” diýip, Muhammetguly aga aýdýar.

Köp ekeliň, dänäni!

Kolhozçylar, bar güýjümiz sarp edip,
Gowy işläp, köp ekeliň, dänäni!
Ýerlermizi sürüp, çöplerin çapyp,
Zarply işläp, köp ekeliň, dänäni!

Agronomiýa usuly bilen tohum sepeliň.
Gerek bolan dökünleri dökeliň;
Güýzlük, ýazlygy öz wagtynda ekeliň!
Ýaryş gurap, köp ekeliň, dänäni!

Ekine zyýanly çöpleri çapalyň!
Işiň hilini gowy edeliň;
Duşmanyň depesinden uralyň!
Ýeňiş üçin köp ekeliň, dänäni!

Bugdaýdan bol hasyl almagy üçin,
Açlyk belasyndan dynmagy üçin,
Duşman depesinden inmegi üçin,
Gaýrat edip, köp ekeliň, dänäni!

Mälikguly Berdimuhamedow.

“Hiç bir kapyýasyz, rifmasyz düzülen bu goşgy setirleriniň awtory barada mende otrisatel garaýyş ýok. Öz döwründe 12 ýaşly çaganyň kalbynda haýsydyr bir maksada gönükdirilen setirleriň döremegi, çaga bolsa-da, agyr durmuşda, duşmana garşy öz ýüreginde dörän ýigrenji beýan edip bilmegi, şol döwrüň çagalarynyň hem wagtyndan öň aga-gara düşünip bilendiginden habar berýär” diýip, Muhammetguly aga aýdýar.

Onuň gazet maglumatlaryna salgylanyp aýtmagyna görä, Gökdepäniň “Kirowçy” gazetinde çap edilen goşgynyň awtoryna şol wagt “Gyzyl Çarwa” kolhoz prawleniýesiniň adyndan, iki depder, iki galam, iki kilogram bugdaý ýarmasy sowgat berlipdir.

“1944-nji ýylda dörän bu goşgy setirleri şol wagt köpleriň kalbyny lerzana getiripdir. Ýöne welin 67 ýyldan soň biziň döwrümizde basyrylgy ýatan bu goşgy setirleriniň käbir adamlaryň kalbyny lerzana getirişini hiç zat bilen deňär ýaly däl” diýip, Muhammetguly aga nygtaýar.

Onuň aýtmagyna görä, makala çap bolandan soň, “Türkmenistan” gazetiniň 12-nji maý sanynda TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň işgäri Roza Rahymowanyň “Ýürekden çykan goşgy ýürege barýar” atly makalasyny, gazetiň 28-nji maý sanynda Babadaýhan etrap bilim bölüminiň baş hünärmeni Silgeldi Akmyradowyň “Ömrüni bilime bagyş eden ynsan” makalasyny, Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Ruhubelent etrap geňeşiniň başlygy Guwanç Myradowyň “Täsiri uly boldy” diýen seslenme makalasyny okanyňda täze bir ideallaşdyrylmanyň peýda bolýandygyna göz ýetirýärsiň.

“Her bir ynsanyň, onda-da ganym uruş döwrüni başdan geçiren ynsanyň ýagşylykda ýatlanmagy gowy zat. Emma ol gahrymanlar hem beýlekiler bilen deň hatarda ýatlansa onuň bahasyna ýetip bolmazdy. Ýöne welin düýnki gün “Ömürlik prezidentimiz, mähriban atamyz, sen bakysyň!” diýip, bokurdaklaryna bat beren ýaranjaňlaryň bu günki gün täze bir gahrymana çokunmaklary, daşyndan özüňi utandyrýar” diýip, Muhammetguly aga sözüniň ustüne goşdy.

“Il içinde muňa görä has şahyrana, has kämil ýazylan goşgulara hem duş gelse bolar. Gep onda däl-de, gep bu ýerde ýaranjaňlyga ýüz urup, belki-de, öz wezipe bähbitleri üçin täze gahrymanlary döretmage çalyşýan wezipeparazlarda” diýip, Muhammetguly aga şu makala seslenme ýazanlaryň arasynda kärendeçi ýa işçiniň göze ilmeýändigini, muňa seslenme ýazýanlaryň wezipeli adamlardygyny, makalanyň awtorynyň bolsa kimdiginiň hem belli däldigini aýdýar.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG