Sepleriň elýeterliligi

Edara "göze düşýän" ulagly gelmek gadagan!


Paýtagtdaky «ors bazar» diýlip atlandyrylýan söwda nokadynyň awtoduralgasy Içeri işler ministrliginiň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Baş prokuraturanyň işgärleriniň gymmat bahaly awtoulaglarynyň goýulýan ýerine öwrüldi.

Paýtagtdaky «ors bazar» diýlip atlandyrylýan söwda nokadynyň awtoduralgasy Içeri işler ministrliginiň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Baş prokuraturanyň işgärleriniň gymmat bahaly awtoulaglarynyň goýulýan ýerine öwrüldi.

Paýtagtda ýerleşýän ministrlikleriň işgärlerine gymmat bahaly awtoulaglarynda iş ýerine gelmeklerine berk çäklendirmeler şu günler hem aýrylmaýar.

Şeýle çäklendirmeler 2009-njy ýylda girizilip başlanypdy. Resmi bolmadyk bu düzgün ilkibada bank ulgamynda işleýän işgärler üçin girizilipdi. Soňy bilen şeýle çäklendirmeler ýurduň beýleki minisrlikleridir edara-kärhanalarynyň işgärlerine hem degişli edildi.

Häzirki wagtda paýtagtdaky ministrlikleriň, pudaklaýyn edara-kärhanalaryň işgärlerine 2001-nji ýyldan ýokarda öndürilen awtoulaglarda iş ýerine gelmeklik gadagan.

Gymmat bahaly awtoulagda iş ýerine gelmeklige gadagançylygyň girizilmegine, esasan, abraýly ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň howatyrlanmasy sebäp bolupdy. Çünki aýlyk haky 200-250 amerikan dollary töweregi bolan işgärleriň 20,000 dollar möçberindäki awtoulaga münmegi, diňe bir şol işgäri däl, eýsem ministrligiň başynda duranlary hem şübhe astyna alýardy. Şol sebäpden, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylary öz golastyndaky işgärlere iş ýerine gymmat awtoulagly gelmeklerine gönüden-göni gadagançylygy girizip başladylar. Käbir edaralarda işgärleriň adynda gymmat bahaly ulagyň bolmazlygy hem talap edilýär. Şol sebäpden, gymmat ulagy süresi gelýän işgärleriň köpüsi maşynyny dogan-garyndaşlarynyň adyna resmileşdirýärler.

Gymmat bahaly awtoulagda işe gelmäge gadagançylyk ähli edara-kärhanalarda bar diýip bolmaz. Gury aýlykdan başga daşyndan hiç hili “düşewünt” gelmeýän edaralarda beýle düzgün ýok.

Gadagançylyga garamazdan...

Ýolbaşçylarynyň gymmat ulaglarda iş ýerine gelmegi gadagan edýändiklerine garamazdan, işgärler awtoulaglara münmekden ýüz öwürmeýärler. Olar ulaglaryny iş ýerleriniň töweregine eltmeseler-de, edaralaryndan daşrakda, ýol ugrunda ýa-da şol töwerekdäki awtoduralgalarda goýýarlar.

prezidentiň geçýän marşruty şol köçeden düşende, döwlet ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri ýol ugrunda duran maşynlary ewakuatorlara mündürip, alyp gidýärler.
Ýol ugrunda awtoulaglaryny goýýan işgärleriň awunýan wagtlary az bolmaýar. Köçelerde maşynlaryň köplüginden emele gelýän dykynlar ýol ugrunda goýlan maşynlara zeper ýetirýärler. Mundan başga-da, prezidentiň geçýän marşruty şol köçeden düşende, döwlet ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri ýol ugrunda duran maşynlary ewakuatorlara mündürip, alyp gidýärler. Işiň ahyrynda ulagyny goýan ýerinde tapmadyk işgärler maşynyny şäheriň çetki awtoduralgalaryndan gözläp tapmaly bolýarlar. Munuň-da üstesine, olar ewakuatoryň hyzmaty üçin 60 manat möçberinde pul töleýärler.

Edara ýerlerine awtoulagly gelmek çäklendirmeleri netijesinde awtoduralgalar köp kynçylyk çekýärler. Hususan-da, paýtagtdaky «ors bazar» diýlip atlandyrylýan söwda nokadynyň awtoduralgasy Içeri işler ministrliginiň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Baş prokuraturanyň işgärleriniň gymmat bahaly awtoulaglarynyň goýulýan ýerine öwrüldi. Bu edaralar şol bazara ýakynda ýerleşensoň, gymmat bahaly awtoulaglary bolan işgärler bazaryň awtoduralgasynda öz ulaglaryny goýup, işlerine barýarlar.

Bazaryň awtoduralgasynyň işgärleriniň aýtmagyna görä, bu ýere söwda-satyk etmäge gelýän adamlar uzakly gün duralgada goýlan organ işgärleriniň maşynlary zerarly, öz ulaglaryny goýmaga ýer tapmaýarlar.

Ors bazaryndaky awtoduralga ulaglaryň uzakly gün goýulmagyna niýetlenen däldir. Ol duralga bazara gelenleriň söwda-satyk etmekleri üçin ortaça 2 sagat çemesi goýulmagy göz öňünde tutulan. Şonuň üçin hem duralga hyzmatynyň bahasy bu ýerde arzan. Uzak wagtlaýyn goýulýan beýleki awtoduralgalaryň hyzmaty bir manat bolsa, bazarlardaky duralga girilip-çykylany üçin 20 teňňe tölemeli. Bazaryň işgärleriniň aýtmagyna görä, organ işgärleriniň uzakly gün goýýan ulaglary awtoduralga gelýän düşewünde ep-esli derejede zeper ýetirýär.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG