Sepleriň elýeterliligi

Söýgümi ýa akylsyzlyk?


Aşgabadyň seýilgähinde, 2011-nji ýyl.

Aşgabadyň seýilgähinde, 2011-nji ýyl.

Uly nesliň aglaba bölegi mydama ýaşlardan gowy zatlara, edermenliklere, açyşlara garaşýar. Ýaşlar ýurda nähilidir bir özgerişlik, täzelik, ösüş getirer öýdülýär.

Elbetde, her bir ýurtda-da ýaşlaryň her hili häsiýetlileri bar. Türkmenistanda-da şeýle. Ýaşlaryň käbiri elýeterli bolmasa-da, okajak bolup, ýokary bilim aljak bolup, bilimiň ugrunda, ýa-da agyr zähmet çekmeli bolsa-da, gazanç etmäniň ugrunda ýurtdan ýurda gidýärler, kynçylyklary ýeňip geçmek üçin yhlas edýärler. Ýurda gowy günleriň gelmegi üçin goşant goşmak arzuwy bilen ýaşaýarlar. Türkmenistanda şeýle ýaşlaryň örän köpdügine ynamym uly.

Ýöne, ine, soňky wagtda bu ýurtda şeýle bir hereketlere baş urýan ýaşlar-da köpelip ugrady: bir köçäniň ugrunda şeýle hereketleri amala aşyran ýaşlaryň dördüsi bar — heniz orta mekdebi-de tamamlamadyk oglanlar, heniz on ýedi ýaşy-da dolmadyk oglanlar gyz alyp gaçyp gelýärler. Alnyp gaçylýan gyz hem mekdebiň ýokary klas okuwçysy.

Eger hatar-hatar öýleri bar bolsa, maşgala ekläre pullary bar bolsa, bu wakalary geňlemese-de bolardy. Ogly gyz alyp gaçyp gelen ene-ata begenmäniň ýerine aglaýar. Neneň aglamasyn. Bary-ýogy iki otagly öýde ýaşap oturan ene-ata gaçyp gelen gelni nirä salmaly? Üstesine-de, güzeran zordan aýlanýan ýerde gelne geýim-gejimi nädip almaly, toýjagazy nädip tutmaly?

Ene-atalar özlerine sala salman, gelin getiren ogla alaçsyz halda bir otagy bermeli bolýarlar. Beýleki otaga bolsa maşgaladaky beýleki oglan-gyzlar, ene-ata ýerleşmeli bolýar.

Soňky döwürler Türkmenistanyň oba ýerlerinde-de, şäher ýerlerinde-de şeýle wakalar köp duş gelýär. Hiç ýerde işlemeýän, heniz öýe ýeke köpük getirmeýän okuwçy oglan öýe gelin getirýär. “Ýygnamasak boljak däl, boljak iş bolupmyş” diýşip, ene-atalar elewreşýärler. Ogullarynyň türmä giderinden gorkup, garyp tünegine getirilen gyzy ýygnaýarlar. Tanyş-bilişlerden karz-kowal alyp, gelne geýim-gejim edýärler. Il gepine galmajak bolup, aýdym-sazsyz hem bolsa kiçiräk toýjagaz hem tutýarlar.

“Iki sany mekdep okuwçysyndan dörän maşgalany kim eklemeli?” diýen sowal ör-boýuna galýar. Elbetde, ene-ata eklär, dagy kim eklesin.

Garaşyp bilmezmi?

Bu zatlar söýgüden nyşanmyka ýa-da akylsyzlykdan?! Adam söýşende-de mekdep tamamlanýança, ýa işe durup, maşgala eklenç getirilip başlanýança garaşyp bilmezmi?

Häzirki ýaşlaryň köpüsinde ene-ata, maşgala tekge bermek diýen pikir ýok. Bar işleri gaçyp durmuş gurmak. Olar öte gögelemi ýa-da düşünjesiz? Näme diýip, näme aýtjagyňy biler ýaly däl. “Ene-atasynyň garyp halyna düşünmeýän ýaşlar halk üçin, ýurt üçin nähilidir bir gowy iş etmelidigine düşünip bilerlermi?” diýip, pikir edeniňi duýman galýarsyň.

Olar toýa gelýänlerden, dogan-garyndaşdan, daş-töwerekden utanybam baranoklar. Ýylgyryşyp, hil bir iş bitiren ýaly, töwerege örän arkaýyn seredip bilýärler. Olar üçin maşgalada gol doly çaganyň bolanynyň-da parhy ýok, öýde ýatmaga ýeriň ýoklugynyň-da.

"Tebigatyň gözi bilen seredeniňde hiç hili ýalňyşlyk ýok" diýip, olaryň tarapyny tutýanlar hem bar. Köpler bolsa “Beýdip masgara bolup ýöreniňden, öýüňe çörek puly getirmek hakda pikir et” diýip, olaryň ýüzüne-de sögünýärler.

Ýaş juwanlaryň bolsa hiç kimiň gepi bilen işi ýok. Özlerini örän bagtly saýyp, durmuşa gadam urýarlar. Durmuşyň kynçylyklary örän uzaga çekýän ýolunda olaryň özlerini nähili alyp barjaklary welin, heniz hiç kime mälim däl.

Serdar Gulgeldiýew Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG