Sepleriň elýeterliligi

NATO Tripoli zarbasynda graždan adamlaryň ölenini boýun alýar


NATO ýekşenbe güni Tripolä urlan howa zarbasynda ölen graždan adamlaryň jogapkärçiligini öz boýnuna aldy.

NATO-nyň beýanatynda «bir ýarag niýetlenen nyşanasyny urmadyga çalym edýär we ol ýerde ýaraglar sistemasynda näsazlyk döräp, graždan adamlaryň ölümine sebäp bolan bolmagy mümkin» diýilýär.

Liwiýa hökümeti NATO-ny Tripolide bir ýaşaýyş etrabyna urlan howa zarbasynda 9 adamy öldürmekde aýyplady.

Daşary işler ministri Abdul-Ati al-Obeýdi žurnalistlere partlamada 9 adamyň, şol sanda iki çaganyň ölendigini, 18 adamyň bolsa ýaralanandygyny aýtdy.

Gozgalaňçylar ýekşenbe güni Misrata şäheriniň töwereginde kaddafiçi güýçler bilen bolan söweşlerde 9 adamyň ölendigini, 51 adamyň bolsa ýaralanandygyny aýtdylar.
XS
SM
MD
LG