Sepleriň elýeterliligi

Halkara Gyzyl haç komitetiniň başlygy Siriýa sapar edýär


Halkara Gyzyl haç komiteti öz prezidentiniň Damaska sapar edýändigini aýdýar.

Halkara Gyzyl haç komitetiniň beýanatynda Jeýkob Kellenbergeriň iki günlük sapary mahalynda premýer-ministr Adel Safar, daşary işler ministri Walid Muallen we siriýa emigrantlary bilen gürleşjegi aýdylýar.

Beýanatda gepleşikleriň ýurtdaky ynsanperwerçilik ýagdaýyna we Halkara Gyzyl haç komitetiniň zorlukly wakalardan ejir çeken adamlara kömek etmekdäki roluna aýratyn üns beriljegi bellenýär.
XS
SM
MD
LG