Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň Assady şu gün söz sözlemekçi


Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad birinji gün öz ýurdundaky ýagdaý barada söz sözlemeli. Bu ýurt indi dört aýdyr hökümete garşy protestlere gaplandy.

Resmi SANA habar gullugy prezident Başar al-Assadyň birinji gün günortan ýurtdaky ýagdaýlar barada söz sözlejegini habar berdi. SANA şundan başga zat aýtmady.

Prezidentiň bu gezekki ýüzlenmesi onuň mart aýynda has köp azatlyk we demokratiýa talaplary esasynda guralan protestler başlaly bäri sözlän üçünji uly sözi bolar.

Al-Assad 16-njy aprelde eden telewizion çykyşynda Siriýada 50 ýyla golaý dowam eden adatdan daşary ýagdaýlar kanunynyň ýatyryljagyny aýdyp, wepat bolan protestçilere gynanjyny beýan edipdi we milli dialoga çagyrypdy.
XS
SM
MD
LG