Sepleriň elýeterliligi

Ispaniýa: Protestçiler işsizlige garşy ýöriş etdiler


Ýekşenbe güni Ispaniýada, 15-nji maýda başlanan halk hereketiniň bölegi hökmünde, tutuş ýurt boýunça korrumpirlenen syýasatçylara we işsizlige garşy ýöriş geçirildi. Ýörişe onlarça müň adam gatnaşdy.

Bu ýurt Ýewropa zonasynda dördünji uly ykdysadyýet bolmagyna garamazdan, zonada iň ýokary, 21 prosentden hem geçýän işsizlik derdini çekýär.

Madridde proteste çykanlar: «Geliň krizise garşy bilelikde ýöriş edeliň» diýen şygary göterdiler.
XS
SM
MD
LG