Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Yrakdaky partlamada fransuz ilçihanasynyň awtoulagyna zeper ýetdi


Bagdatda amala aşyrylan köçe partlamasynda Fransiýanyň ilçihanasynyň awtoulag kerwenine zeper ýetdi. Bu barada Yragyň polisiýasy habar berýär.

Gowşan maglumatlara görä, partlamada ilçihanada howpsuzlygy üpjün edýän dört sany yrakly ýaralanypdyr. Şeýle-de awtoulag kerweniniň düzümindäki bir maşyna zeper ýetipdir.

Fransiýanyň ilçisi Denis Gaueriň “AFP” habar gullugyna aýtmagyna görä, partlamada ulagyň içindäkilere şikes ýetmädir.
XS
SM
MD
LG