Sepleriň elýeterliligi

Tunisiň ozalky prezidenti gaýybana sud edilýär


Tunisde ozalky prezident Zine El Abidin Ben Aliniň üstünden sud diňlenşigi başlandy.

Şu günki başlanan sud diňlenişigine Ben Aliniň özi gatnaşmaýar. Ol şu ýylyň ýanwar aýynda ýurtdaky tolgunşyklarda häkimiýetden çetleşip, Saud Arabystanyna gaçyp gidipdi.

Ben Ali wezipesinden gitmek islemändigini, eýsem öz golaý-goltumyndakylaryň aldawyna düşendigini aklawçylarynyň üsti bilen aýtdy.

Ol parahat demonstrantlara garşy ot açmak buýrugyny bermändigini hem öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG