Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Al-Assad bidüzgünçiliklerde diwersantlary aýyplady


Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad ýurtda üç aý töweregi wagt bäri dowam edýän bidüzgünçiliklerde diwersantlary aýyplady.

“Biz gan dökenleri we gan dökmäge çagyryş edenleri tussag ederis we jezalandyrarys” diýip, Al-Assad özüniň telewizion çykyşynda aýtdy.

Oppozisiýanyň berýän maglumatyna görä, mart aýynyň ortlaryna Başar al-Assadyň režimine garşy başlanan protestleri basyp ýatyrmak üçin hökümetiň geçirýän çärelerinde 1,400 adam öldürilipdir, 10,000 töweregi adam tussag edilipdir.
XS
SM
MD
LG