Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda ogly tussag edilen ene özüni otlady


Gazagystanda bir aýal öz oglunyň tussag edilmegine protest bildirip, ýurduň dolandyryjy “Nur Otan” partiýasynyň binasynda özüni otlady. Bu wakada aýalyň bedeniniň 95% ýanyp, ol häzir keselhana ýerleşdirildi.

“Interfaks” habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, aýal binanyň kabul ediş otaglarynyň birinde üstüne benzini döküp, özüni otlapdyr.

Häzirlikçe ol aýalyň ogluna bildirilen aýyplamalar barada takyk maglumat ýok.
XS
SM
MD
LG