Sepleriň elýeterliligi

Mugt benzin paýlanar


2008-nji ýylyň 11-nji fewralyndan Türkmenistanda ýangyjyň bahasy 8 essä golaý galdyryldy.

2008-nji ýylyň 11-nji fewralyndan Türkmenistanda ýangyjyň bahasy 8 essä golaý galdyryldy.

20-nji iýunda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeleri ministrliginiň «Türkmennebitönümleri» baş müdirligi köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen hususy awtoulag eýelerine 2011-nji ýylyň ikinji ýarym ýyly üçin awtomobil benzininiň hem-de dizel ýangyjynyň talonlarynyň paýlanylyp başlanýandygyny mälim etdi.

Ýangyç talonlary hususy ulag eýelerine 27-nji iýundan ýurduň ygtyýarly edilen bank edaralary tarapyndan paýlanylar.

2008-nji ýyla çenli Türkmenistan ýangyç serişdeleriniň iň arzan ýurdy hasaplanýardy. Bir litr benziniň bahasy şol döwürde 400 manat, ýagny 2 sente golaý baha durýardy. 2008-nji ýylyň 11-nji fewralyndan Türkmenistanda ýangyjyň bahasy 8 essä golaý galdyryldy.

Ýangyjyň bahasynyň birden ýokary galmagynyň ýurduň ykdysadyýetiniň yranmagyna getirmeginden howatyr edilip, hususy awtoulag serişdeleriniň eýesi bolan Türkmenistanyň raýatlaryna ähli görnüşdäki awtomobil benzinini we dizel ýangyjyny bellenen ölçegde muzdsuz goýbermek barada karara gelindi.

2008-nji ýylyň 11-nji fewralyndan güýje giren ýurduň prezidentiniň kararyna laýyklykda, ýeňil awtoulag serişdeleriniň eýeleri aýda 120 litr, ýük awtoulag serişdeleriniň, awtobuslaryň, traktorlaryň eýeleri aýda 200 litr, ähli kysymdaky motosikller we motorollerleriň eýeleri bolsa aýda 40 litr mugt ýangyç alyp başladylar.

Döwlet tarapyndan bellenen ölçegde mugt ýangyç goýberilse-de, ýangyjyň bahasynyň galmagy harytlaryň nyrhynyň göterilmegine ep-esli derejede täsir etdi. Hususan-da, taksileriň hyzmaty iki esse gymmatlady. Welaýatlardan gelýän gök önümleriň, umuman uzak aralykdan getirilýän ähli harytlaryň nyrhy ýokarlandy. Ýöne wagtyň geçmegi bilen ilat ýangyjyň täze nyrhy bilen ylalaşdy.

Hususy awtoulag serişdeleriniň eýelerine bellenen ölçegde muzdsuz ýangyç ýylda iki gezek, ýanwarda hem-de iýulda 6 aýlyk goýberilýär. Goýberilýän talonlar sada görnüşde çap edilýän-de bolsa, olary ýasamak juda howply. Sebäbi ýangyç guýujy stansiýanyň işgärleri ulagyna benzin guýdurmaga gelen sürüjininiň beren talonynyň arkasyna onuň ulagynyň döwlet belgisini belläp ýazýar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG