Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gözelligiň we duýgularyň zergäri


Rehmet Seýidow
Rehmet Seýidowyň häzirki zaman türkmen poeziýasyndaky ornuny, bitiren hyzmatyny "Baharlar bagşysy" ýaly epitet, baha bilen kesgitlemek bärden gaýtmakdyr. Bu ajaýyp şahyr öz-özüne "Men baharlar bagşysy" diýip ýazsa-da, onuň şahyrana hyzmatyny ýazy wasp edenliginden däl-de, esasan 20-nji asyr türkmen poeziýasyna getiren täzeliginden gözlemek dogry bolar.

Beýik akyldarymyz, milli guwanjymyz Magtymguly Pyragy ýaly ägirtlerden miras galan poeziýamyz geçen asyryň 20-30-nji ýyllarynda gönümel, ýüzleý agitatorlyk derejesine çenli pese düşüp, guraksy şygarlaryň, çagyryşlaryň, odalaryň toplumyna öwrülip, şahyranalygy, terligi, duýguçyllygy, paýhas-pikirliligi, özüne çekijiligi ýitirip ugrapdy. Bolşewikler partiýasynyň, Staliniň, kommunizmiň waspy kapyýa salnyp, goşgy hökmünde halka hödürlendi.

Ine, şeýle şertlerde Rehmet Seýidow ilkinjileriň biri bolup, belki-de ilkinji bolup, poeziýamyza tirpildäp duran şahyrana duýguny, öň görlüp-eşidilmedik suratkeşligi getirip, oňa gaýtadan jan berdi. Poeziýamyzy öz zergärlik ussatlygy bilen sünnäledi, özünden soňraky şahyrlara nusga, görelde görkezdi. Onsoň Rehmet Seýidowa "Gözelligiň, duýgularyň zergäri" diýseň, meniň pikirimçe, jüpüne düşer.

Hawa, ol söz bilen zergärlik, suratkeşlik eden şahyr. Ussat duýgyny-da göz öňüne getirerlik derejede inçeden suratlandyrmagy başarýar:

"Derýanyň suwunda tolkun turuzýar,
Iki joşgun ýürek gülüşýän wagty",

"Altyn sübse bilen çöli süpürip,
Gün gidensoň, dogdy parlak ýyldyzlar",

"Çeper söz ussasy—ýuka dodaklar,
Bir-birinden aýryldy-da güldüler"


- ýaly diňe bir "Gaýykda" atly goşgusyndan alnan setirler tebigat ahwalynyň ynsan duýgusy bilen zergärlik ussatlygy arkaly seplenendigine, çaýylandygyna güwä geçýär. Şol goşgudaky:

"Atyr ysyn berýän näzijek şemal"

"Garaňkysy-gara mahmaldan ýumşak,...
Üwreýär gaýygy näzik hüwdüläp"


- ýaly setirler hem zergäriň elinden çykan nurana şaý-sepleri ýatladýar, göz öňüne getirýär.

Ýüregiňi sypalaýan, duýgularyňy hüwdüleýän, gözleriňi şahyrana setirler bilen dokundyrýan setirleri bolsa şahyryň islendik şygryndan tapmak mümkin:

"Gürläp, bulut tikinleri sökülýär",
"Ýüzlermizi daňdaň ýuwdy-da, ýel süpürdi"


("Maý ertiri"),

"Näzik gabaklaryň hut iňrik ýaly,
Göýä güneş deýin gözüň ýaşypdyr",

"Kirpikleriň aşyk bolan mysaly,
bir-birini tapyp gujaklaşypdyr."


("Uklanyňda").

Hawa, Rahmet Seýidowy diňe bir pasla-bahara baglap goýmak şahyryň döredijilik gerimini çäklendirmek, galyba salmak bolýar. Ol tebigaty ýylyň güýz paslynda-da, tomsunda-da, hatda gyşynda-da suratkeşlik bilen janlandyrýar, tebigat bilen adamyň arasyndaky baglanyşygy, bütewiligi şahyrana duýgular arkaly açyp görkezýär, şahyryň şygyrlaryndaky owadan şekiller köňül gözgiňe geçýär, kalbyňy heýjana salýar:

"Güýz ýyrtyk içmegin egnine alyp,
Gyşdan gaçyp barýar eli hasaly.
Üwrelýän guşlar hem agaja galyp,
Uklapdyr ertir ir turýanlar ýaly."


"Güýz gijesi" goşgusyndan alnan şu bentden hem görnüşi ýaly, Rehmet Seýidow tebigat ahwalatyny özli-özlüliliginde däl-de, eýsem ynsan edehäti bilen degşirip, ýanaşdyryp, sepläp berýär. Şeýlelikde şahyrana duýgy röwüşlenýär, kalbyňy gaplap alýar, tebigat gözüň alnynda janlanýar, ol seniň syrdaşyňa, pikirdeşiňe, göwündeşiňe öwrülýär. Şahyryň tebigaty öz görşüniň, duýşunyň bardygyna, ony özüçe söz bilen suratlandyrýandygyna göz ýetirýärsiň.

Ine, Rehmet Seýidowyň zergärlik ussatlygynyň gudraty:

"Şahadan tar edip, güýz heňin çalýar",

"Derek ýapraklary gülýär el çarpyp...",

"Ýel baglar buýrasyn läliksiredip",

"Sypap, Güýz hakynda aýdym aýdýardy",

"Suw Aý saçyn ýuwýar göwresin çaýkap",

"Baglar süýt deňzine göýä batypdyr",

"Derekler asmana uzadýar elin",

"Gündiz aýdym aýdan guşlar ýatypdyr,
Çagasyn hüwdüläp ýadan dek gelin"...


Şu setirleriň alnan "Güýz gijesi" goşgusyny okap çykanyňda baý surat galareýasyny gözden geçiren ýaly bolýarsyň. Bu şygryň her bir setiri diýen ýaly özbaşdak kartina, surat ahyryn:

"Şemal hökümsiräp günbatar ýandan
Çal saç garry buldy sürüp getirdi,
Kowalap geldi-de açyk asmandan,
Ahyr ony bag üstüne ýetirdi."


Eýsem, bu peýzaž söz bilen çekilen surat dälmi näme?!

Ýa-da şahyryň:

"Ýyllaryň dyrnagy ýüzüme batan",

"Kelläm kümüşlenýär barha agaryp"


- diýen setirleri onuň keşbini göz öňünde janlandyrmaýarmy?

"Janym-tenim, Göz röwşenim,
Watanym hem halkymdyr"


- diýip ýazan Rehmet Seýidowyň poeziýasy durşuna owaz bolup dur, durşuna şahyrana keşp bolup dur.

"Güýz serçesiniň toplumy dek pikirim
Kelläme uçuşyp, gonuşyp durýar",

"Pikirimi goşun dek ýygnap alamda"

"Setirlerim göýä düzülen esger"


- diýýän şahyr 20-njy asyr türkmen poeziýasyna suratkeşlik bilen birlikde owazlylygy, onda-da türkmen dutarynyň tarlaryndan çykýan heňe meňzeş owazlylygy getirdi. Şygyrda forma enaýylygyny, many bilen şaplaşyp duran çugdamlygy ornaşdyrdy. Mysal üçin:

"Ertiru-şam,
Sende her tam,
Edýär mukam sazlar bilen".


Şeýle mysallary şahyryň döredijiliginden el uran ýeriňden tapyp bolýar.

Türkmen poeziýasy, eger ony şeýle atlandyrmak mümkin bolsa, ýene-de geçen asyryň 20-50-nji ýyllaryndaky ýagdaýyna düşen wagtynda Rehmet Seýidowyň şygyrlarynyň ähmiýeti hasam artýar.

Hawa, häzirki zaman poeziýamyzda Rehmet Seýidowyň aýratyn orny bar. Onuň miraplyk eden sakasyndan Gurbannazar Ezizem, Halyl Kuly-da, Atajan Annaberdi-de, Mämmetnazar Babanazar-da, ýene-ýeneler-de öz ýetdik paýlaryny alyp, şygryýetimizi belent derejä götermegi başardylar.

Şunlukda Rehmet Seýidowyň türkmen şahyrlarynyň aglabasynyň halypasydygyny nygtamak bolar. Bu misilsiz hakykatdyr.

Aşyrguly Baýryýew Aşgabatda ýaşaýan garaşsyz žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory, Deýwid Börk adyndaky halkara baýragynyň laureaty.
XS
SM
MD
LG