Sepleriň elýeterliligi

Daýhany mejbur etmeli däl


Ýazgulyýew: "Daýhany ýere doly ygtyýarly — eýe edip, name ekmelidigini, haçan ormalydygyny, näçe girdeji almalydygyny daýhanyň özüniň kesgitlemegine rugsat bermeli".

Ýazgulyýew: "Daýhany ýere doly ygtyýarly — eýe edip, name ekmelidigini, haçan ormalydygyny, näçe girdeji almalydygyny daýhanyň özüniň kesgitlemegine rugsat bermeli".

Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet başyna gelenden soňra, oba hojalygyny ösdürmek, bu pudakda reforma geçirmek hakynda birnäçe kararlary kabul etdi. Prezidentiň berk talap etmegi boýunça daýhan önümini tabşyransoň, girdeji almaga degişli bolsa, onda ara uzak wagt salynman, oňa berilmeli pul wagtynda berilýär.

Emma, gynansagam, tutuşlygyna alanyňda, söz berlen oba hojalyk reformasy amal edilmedi. Şonuň üçin Saparmyrat Nyýazowyň oba hojalygyny weýran eden “Täze oba” syýasatynyň iş ýüzünde hereket edýändigini aýtmak gerek. Oba hojalygy döwlet monopoliýasynda. Iň bärkisi daýhanyň name ekmelidigini, haçan ekmelidigini, hasyly näwagt ýygnap başlamalydygyny, önümini näçeden döwlete tabşyrmalydygyny hökümet emeldarlary kesgitleýärler.

Edil häzirem oba hojalygy daýhanyň girdeji almagy, bazar ykdysadyýetiniň şertleri göz öňünde tutulyp gurnalmadyk. Şol sebäpli galla-pagta öndürmeklik baş alada bolmagynda galýar. Pagtanyň belli bir derejede girdejisiniň bardygyna garamazdan, onuň tehniki ekindigini, munuňam üstesine “ak altyny” ýetişdirmek üçin örän köp zähmetiň talap edilýändigini nazarda tutanyňda, pagta önümçiliginiň hem beýle uly derejede daýhana bähbitli däldigini oba hojalyk hünärmenleri öňe sürýärler.

Türkmenistanyň şertlerinde galla ekmeklik daýhana asla amatsyz. Sebäbi dünýä bazarynda gallanyň bahasynyň soňky ýyllarda gymmatlandygyna seretmezden, Ýewropanyň guşgursak bugdaýynyň tonnasyny 500 amerikan dollaryndan satyn almak mümkin.

Medisina işgärleriniň özara söhbetdeşliginde bir ýokary hünärli medisina hünärmeniniň tassyklamagyna görä, biziň ýurdumyzda öndürilýän, örän pes hasylly gallany azyklyk hökmünde sarp etmeklik döwlet emeldarlarynyň yglan edýän “Saglyk” programmasyna laýyk gelmeýär. Iň bärkisi Orsýetden, Gazagystandan halkyň mümkinçiligine görä getirilýän unlaryňam öz ýerli unlarymyzdan has ak hem gowy hillidigini adamlara düşündirip oturmagyň hajaty ýok. Şol sebäpli güýji ýetýän hojalyklarymyz daşary ýurt unlarynyň bahasynyň ýerli unlarymyzdan 4-5 esse gymmatdygyna garamazdan, şony iýýärler.

Hatda bütinleý daşary ýurt ununy iýmäge ýagdaýy ýok hojalyklaram manty-börek, aşlyk-suwluk edende, şeýle hem çörek bişirende garmak üçin daşary ýurt unlaryny almaga mejbur bolýandyklaryny gürrüň berýärler. Eger halkyň sosial hal-ýagdaýy gowulansa, özümizde öndürilýän galladan adamlaryň ýüz öwürjekdigine şübhelenmese bolar.

Daýhan ýeriň hakyky eýesi bolmaly

Garaşsyzlyk ýyllarymyzda ýerli howa şertlerimizi, suw mümkinçiligimizi göz öňünde tutmazdan, Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow: “Ýurdumyzyň iýjek gallasyny özümizde öndürmek gerek, hatda ýurdumyzy ak bugdaýy eksport edýän ýurda öwürlmeli” diýen pelsepäni öňe sürüpdi. Onuň aýdan bu sözleri hatda ylma laýyk gelmeýärdi. Şeýlelikde, ýyl-ýyldan gallany köp almak üçin bugdaý has köp ýerlere ekildi. Şeýdibem, birnäçe esse galla artdyryp ýazmalaryny, şorladylan ýerlerimizi hasap etmäniňde hem, ýerli ak bugdaýlarymyzyň tohumy zaýalandy.

Oba hojalyk agronomlary, tejribeli kärendeçi gallaçylarymyz öz ýerli galla tohumymyzy alyp, wagtynda ekip, agrotehniki çäreleri geçireniňde, hatda talap edilişi ýaly, dört gezek suwaraýanyňda hem gektardan 30 sentnerden köp hasyl alyp bolmajakdygyny aýtdylar. Daýhan şeýle ýokary hasyl alanda hem, dünýä bahasyndan kärendeçiniň bir gektar galla meýdanyndan 1300-1400 dollar girdeji alýandygyny, çykdajysyny aýranyňda bolsa, onuň bir gektar ak bugdaýyndan 800 amerikan dollaryndan köp sap girdeji almajakdygyny hasaplap çykarmak kyn däl.

Ýurdumyz boýunça tas million gektara golaý ekilýän gallanyň ortaça hasyllylygynyň 10-12 sentnerden ýokary däldigini göz öňünde tutanymyzda bolsa, kärendeçiniň öndüren gallasyny dünýä bahasyndan satyn alanyňda hem olaryň ujypsyzja sap girdejä eýe boljakdygyny aýtmak gerek. Şol sebäpli daýhana asla ekmek amatsyz bolan gallany mejbury ýagdaýda ekdirmegi bes etmeli. Onuň ýerine daýhany ýere doly ygtyýarly — eýe edip, name ekmelidigini, haçan ormalydygyny, näçe girdeji almalydygyny daýhanyň özüniň kesgitlemegine rugsat bermeli. Munuň üçin bolsa oba hojalygyny bazar ykdysadyýetiniň şertlerinde gurnamaly. Döwlet emeldarlary oba hojalygyny ösdürip, düýpleýin reforma etmek isleýän bolsalar, bu iş üçin şundan başga ýoluň ýokdugyna düşünmeli.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG