Sepleriň elýeterliligi

Assad «zyýankeşleri» ýazgarýar, ABŞ söz däl, iş isleýär


Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad Siriýa krizisinde «zyýankeşleri» günäledi we dialoga çagyrdy.

Emma Birleşen Ştatlar oňa söz däl, iş wagtynyň gelendigini aýtdy. Assad telewideniýede berlen ýüzlenmesinde näbelli güýçleri çylşyrymly ýaraglary we aragatnaşyk tehnologiýasyny ulanyp, gyrgyn etmekde günäledi.

Ýöne Birleşen Ştatlar Siriýa režiminiň bigünä adamlary öldürmegi bes etmelidigini aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň sözçüsi Wiktoriýa Nuland Waşingtonda guralan metbugat brifinginde “Siriýada öldürilen bigünä adamlaryň gaty köpüsi howpsuzlyk güýçleriniň elinden öldi, şu sebäpden bize indi Siriýada söz däl, iş gerek” diýdi.

ÝB ministrleri bolsa Lýuksemburgda duşuşyp, Assadyň režimine garşy sanksiýa girizmek kararyna geldiler we BMG-niň çäre görmegini talap etdiler.

Assadyň güýçleriniň mart aýynda başlanan anti-hökümet protestlerini basyp ýatyrmak synanyşyklary netijesinde 1,400 gowrak siriýaly öldürildi, 10 müňden gowrak siriýaly bolsa Türkiýä gaçdy.
XS
SM
MD
LG