Sepleriň elýeterliligi

Tunisiň öňki prezidentine gaýybana 35 ýyl türme tussaglygy berildi


Tunis sudy gyrakladylan prezident Zine al-Abidine Ben Ali bilen onuň aýalyna ogurlyk we beýleki aýyplamalar esasynda 35 ýyl türme tussaglygyny bermek barada höküm çykardy.

Ýanwar aýynda halk gozgalaňlary sebäpli Saud Arabystanyna giden är-aýal gaýybana sud edildi. Şeýle-de sud olary 66 million dollar jerime tölemeli etdi.

Bir gün dowam eden sudda ogurlyk, korrupsiýa, neşe gaçakçylygy baradaky aýyplamalara seredildi, öňki prezident bu aýyplamalary ret edýär.
XS
SM
MD
LG