Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewrobileleşik Belarus sanksiýalaryny berkidýär


Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri duşenbe güni prezident Aleksandr Lukaşenko bilen ilteşikli üç firmanyň emläklerini doňdurmak bilen Belarusa garşy ykdysady sanksiýalary has-da güýçlendirdiler. Bu karar režime maliýe basyşyny artdyryp, onuň oppozisiýany basyp ýatyrmagyny soňlatmak niýetinden ugur alýar.

Şeýle-de Brýussel Lukaşenko režimi bilen ilteşikli ýene dört adamy gara sanawa girizdi. 27 döwletiň agzalygyndaky bileleşik eýýäm 188 adamyň, şol sanda Lukaşenkonyň we onuň ýakyn töwereginiň, birnäçe sudýanyň emlägini doňduryp, olara garşy syýahat gadaganlygyny girizipdi.
XS
SM
MD
LG