Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň uruş gämisi Gürjüstana tälim bermäge getirildi


ABŞ-nyň uruş gämisi duşenbe güni Gürjüstana bilelikdäki tälim programmasyna gatnaşmaga geldi.

Tbilisidäki amerikan ilçihanasy ballistik raketa gorag sistemasy bilen enjamlaşdyrylan Montreý harby deňiz kreýseriniň Batumi portuna ýerli serhet goragçylary bilen geçiriljek üç günlük tälim okuwyna gatnaşmaga gelendigini aýtdy.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň ýaýradan beýanatynda Moskwanyň bu hili ädimlere öz howpsuzlygyna wehim kökmünde garaýandygy aýdylýar.

Emma Gürjüstanyň daşary işler ministriniň orunbasary Nino Kalandadze Moskwanyň aladasyny ret edip, munuň Orsýete hiç bir dahylynyň ýokdugyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG