Sepleriň elýeterliligi

Adam urmakda aýyplanan deputatyň tarapdarlary protest edýär


Günorta Gyrgyzystanda duşenbe güni ýüzlerçe adam ýygnanyp, deputat ýoldaşyny urmakda aýyplanan parlament agzasyna goldaw bildirdi.

Parlamentdäki “Ata Ýurt” partiýasynyň lideri Kamçybek Taşiýewiň tarapdarlary Jalalabat oblastynyň içeri işler bölüminiň öňünde iki sany öý dikip, protestiň aýyplamalar aýrylyp, iş ýapylýança dowam etjegini aýtdylar.

Deputat Bahadur Suleýmanow 1-nji aprelde Taşiýewi özüne topulmakda we urmakda aýyplap, suda şikaýat etdi. Taşiýew muny ret edýär we bu aýyplamalaryň güýzde boljak prezident saýlawlarynda bäsleşige çykmagynyň öňüni almak üçin bildirilýändigini aýdýar.

“Ata Ýurt” partiýasy Gyrgyzystanyň dolandyryjy koalisiýasynyň agzasy bolup durýar.
XS
SM
MD
LG