Sepleriň elýeterliligi

Medwedew Putin bilen bäsleşigi göz öňüne getirmegiň kyndygyny aýdýar


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew özüniň geljek ýyl boljak prezident saýlawlarynda Wladimir Putine garşy bäsleşige çykmajagyny syzdyrdy.

Duşenbe güni Londonda çykan “Financial Times” gazetinde çap edilen interwýuda Medwedew premýer-ministr Putin bilen arasyndaky boşlugyň giňeýändigini ret etdi.

Putini öz kärdeşi we köne dosty hökmünde suratlandyran Medwedew ikisiniň hem şol bir syýasy güýje wekilçilik edýändiklerini aýtdy.

Medwedew özüniň geljek ýyldaky saýlawlarda Putin bilen bäsleşige çykmagyny göz öňüne getirmegiň kyndygyny hem sözüniň üstüne goşdy.
XS
SM
MD
LG