Sepleriň elýeterliligi

«Melwin Wilýams» topary Türkmenistana sapar edýär


«Melwin Wilýams» ansambly Amerikanyň türkmen topragyndaky medeniýet günleriniň çäginde, 21-26-njy iýun aralygynda Türkmenistana sapar edýär.

Bu saz topary şu tomus Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň «Ýol ritmleri: Amerikan sazy daşary ýurtda» atly programmasynyň çäginde giňişleýin Orsýet we Ýewraziýa syýahatyny amala aşyrýar.

Bu hili programmalar amerikan sazy we medeniýeti arkaly Birleşen Ştatlar bilen beýleki ýurtlaryň arasynda özara düşünişmegi güýçlendirmek üçin döredildi.
XS
SM
MD
LG