Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet “Transhazaryň” öňüni alyp bilermi?


Hazar deňziniň türkmen territoriýasynda, 2010-njy ýyl.
Hazar deňziniň türkmen territoriýasynda, 2010-njy ýyl.
Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir Türkmenistanyň tebigy gazy, onuň eksporty we bu ugur boýunça Orsýetiň eýeleýän pozisiýasy bilen gyzyklanyp, energiýa boýunça maglumatlary çap edýän dünýä belli “Platts” žurnalynyň energiýa we howpsuzlyk boýunça eksperti Jon Roberts bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Daşary ýurt hökümetleriniň we energiýa boýunça halkara iri kompaniýalaryň wekilleriniň ençemesi ýakynda Türkmenistanda saparda boldular, şol bir wagtyň özünde-de käbir ýewropa liderleri “Transhazar” gazgeçirijisi barada Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda ylalaşyga gelinmegi üçin araçy roluny oýnamak isleýänligini aýdyp, çykyş etdiler. Eýse, Türkmenistanyň energiýasi we “Transhazar” boýunça bu aktiwligiň sebäbi nämedekä?

“Platts” žurnalynyň energiýa we howpsuzlyk boýunça eksperti Jon Roberts
Jon Roberts: Munuň juda ýönekey sebäbi bar. Ol Türkmenistanyň öz gazyny Ýewropa akdyrmagy üçin uly sistema goşulmagy boýunça geljek 3-4 aýyň dowamynda ullakan mümkinçiliginiň barlygy bilen bagly. Ýagny, oktýabr aýynda gazyny Ýewropa akdyrmagy üçin Azerbaýjana biri-birine bäsdeş üç sany uly teklip hödürlener. Olardan biri “Nabukko” gazgeçirijisidir.

“Nabukko” proýektiniň işe girizilmegi üçin oňa diňe Azerbaýjanyň gazy ýeterlik däl, goşmaça serişde gerek bolar. Ony gaz bilen üpjün edip biljek goşmaça serişdelerden biri Türkmenistan we beýlekisi Yrakdyr. Eger öz gazyna bil baglanmagyny isleýän bolsa, Türkmenistan gysga wagtyň içinde degişli ylalaşyklara gol goýmaly. Meniň pikirimçe, bu ugurdaky tagallalaryň ýygjamlaşmagynyň sebäbi şundan ybarat.

Azatlyk Radiosy: Bu gepleşikleriň ýygjamlaşmagynyň sebäplerinden biriniň Türkmenistanda tapylan täze gaz gorlary bilen hem bagly bolup biljekdigi aýdylýar. Eger üns beren bolsaňyz, Britaniýada ýerleşýän bir kompaniýa ýakynda Türkmenistanyň gaz baýlygy boýunça dünýäde ikinji orunda durýan bolmagynyň mümkindigini yglan edipdi. Bu barada siz näme aýdyp biljek?

Jon Roberts: Men Türkmenistanyň gaz baýlygy barada ýakynda yglan edilen maglumatyň Türkmenistanyň energiýasy barada dowam edýän bu gepleşikler bilen baglanşygy bardyr öýdüp pikir edemok. Sebäbi soňky 4-5 ýyldan bäri Günorta Ýolöteniň dünýäniň iň uly gaz ýataklaryndan biridigini hemmeler bilýär. Şunlukda şol ýatagyň dünýäde bäşinji ýa ikinji uly gordugy baradaky maglumat hiç zady üýtgetmeýär. Sebäbi onuň göwrüminiň näçedigine garamazdan, şol gaz ýatagynyň Hytaýy, “Transowgan” gaz proýektini we Günbatary gaz bilen üpjün edip biljekdigi bilinýär.

Elbetde, Ýolötende tapylan gor juda möhüm. Ýöne gysga möhlet barada gürrüň edilende Türkmenistanyň ýüzbe-ýüz bolýan problemasy bu gazyň nirä akdyryljagy däl, belki, Hazarda Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasy tarapyndan özleşdirilen gazy näme etmeli diýlen soragdyr. Bu gazy nirä akdyrmaly diýlen soraga jogap ýok. Türkmenler şol gazyň belli bir bölegini Azerbaýjana we şol ýerden hem beýleki turbalar arkaly Günbatara akdyryp bolarmy diýlen mesele hakda pikirlenýärler.

Azatlyk Radiosy: Eger Ýolötende tapylan bu gaz gory barada gürrüň etsek, bu serişdeden nähili peýdalanylar, ýagny ol Hytaýya akdyrylarmy, Owganystanamy ýa-da Hazara getirilip, şol ýerden Günbatara akdyrylarmy? Bu ugurdaky plan nämeden ybarat?

Jon Roberts: Ýolötende tapylan bu gazyň häzirlikçe Hytaýdan başga hyrydary ýok. Şol bir wagtyň özünde Ýolöteni özleşdirmek plany barada hem ullakan soraglar bar. Sebäbi Hytaýyň CNPC kompaniýasyndan başga bu proýekti özleşdirmek işi bilen meşgullanýan şirketleriň hiç biriniň hem halkara derejede uly energiýa kompaniýasy däldigi aýdylýar.

Türkmenler haýsydyr bir uly halkara kärhanasyna bu gaz goruny özleşdirmäge rugsat etmekden çekinip gelýärler. Bu gaz ýataklary juda uly, şonuň üçin men olary özleşdirmek üçin diňe bir däl, ençeme uly kärhanalar bilen işleşilmek zerurdyr diýip oýlanýaryn.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň energiýa baýlygy barada gepleşikleriň ýygjamlaşan häzirki tapgyrynda Orsýetiň Azerbaýjandaky wekili Wladimir Dorohin çykyş edip, Orsýet bilen Eýranyň “Transhazar” ýaly proýektiň gurulmagyna garşydygyny bildirdi. Ol 8-nji iýunda Bakuwda eden çykyşynda şeýle proýektiň gurulmagynyň “Transhazar” proýektiniň taslamasyna hem gabat gelmejegini belledi, eýsem bu nämäniň alamaty?

Jon Roberts: Şol taslama we ylalaşyk barada aýdylanda, soramaly sorag, ony ýazan, ýagny taýýarlan kim? Onuň maddalary Orsýet tarapyndan ýazylyp, Eýran tarapyndan goldanylan pikirlerden ybarat. Hazara goňşy beýleki üç ýurt, ýagny Gazagystan, Azerbaýjan we Türkmenistan Hazaryň öz ykdysady zolaklaryna girýän territoriýalaryny ulanyp, deňziň bir gyrasyndan beýleki gyrasyna gazgeçiriji gurmaga özleriniň doly hukugynyň bardygyny aýdýarlar.

Elbetde, şeýle ädim ätmäge olaryň hukugynyň bardygy barada ylalaşylan hiç hili dokument ýok, şeýle-de şeýle proýekt amala aşyrylmaly däl diýlen mesele hakda hem ylalaşylan taslama ýok. Şonuň üçin men Hazar bilen bagly bu mesele kanuny däl-de, belki, syýasy problemadyr diýip oýlanýaryn. Elbetde, bu problemada syýasy güýjüň hem roly uludyr. Orsýetiň öz syýasy güýjünden peýdalanyp, şeýle çykyş etmeginiň sebäbi Orsýetiň Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň öz gazyny göni daşary ýurtlara, esasanam nagt pul gelýän bazarlara, ýagny Ýewropa satmagyny islemezligi bilen baglydyr.

Eger Merkezi Aziýanyň energiýasy Orsýetiň territoriýasyndan akmaly bolanda, Orsýet şol gazy näçe mümkin bolsa arzan bahadan satyn alyp, onuň deregine Ýewropa öz gazyny gymmat bahadan satmak isleýär.

Eger Azarbaýjan bilen Türkmenistan “Transhazar” gaz proýektini gurup, öz gaz serişdelerini Ýewropa akdyrmagy başarsalar, olar öz gazyny Ýewropa bazarynyň nyrhyna görä satyp bilerler.

Azatlyk Radiosy: Orsýetiň edil şu wagt bu gazgeçiriji baradaky plana garşy çykyş etmeginiň sebäbi näme bolup biler?

Jon Roberts: Çykyşyň wagty barada gürrüň edilende, bu Orsýetiň Türkmenistanyň Ýewropa bazaryna gazyny satmagyny islemezligi bilen baglydyr. Has anygyrak aýdylanda, Orsýet biz şeýle bäsdeşligiň bolmagyny islemeýäris diýjek bolýar. Emma ýewropalylar gaz importy boýunça mümkin boldugyndan köpräk bäsdeşligiň bolmagyny isleýändiklerini aýdýarlar. Sebäbi ykdysady bazaryň işleýiş usullaryndan biri şudur. Orsýet bolsa muňa garşydygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosy: Eger Türkmenistan bilen Azerbaýjan bu gazgeçirijini gurmak kararyna gelse we ony gurmaga maýa goýjak hem tapylsa, Orsýetiň şol proýektiň gurulmagynyň öňüni almak mümkinçiligi barmy?

Jon Roberts:
Tehniki taýdan aýdylanda, bu proýektiň amala aşyrylmagynyň öňüni almak juda aňsat. Eger ýadyňyzda bolsa, mundan 10 ýyl ozal, haçanda “British Petroleum” kompaniýasy Eýran bilen Azerbaýjanyň Hazardaky araçäginde ýerleşýän gorda işe başlanda, Eýran Hazara harby gämisini ugratdy, şunlukda gaz baradaky bu tagalla derhal duruzyldy.

Eger islese, “Transhazar” ýaly proýektiň öňüni almak üçin Orsýet hem şeýle ýola baş goşup biler. Emma munuň ullakan ýönesi bar. Ýagny, eger Moskwa Hazaryň Orsýete degişli böleginden juda uzakda ýerleşýän sebitine öz harby gämisini ugratsa, bu diňe Azerbaýjan bilen Türkmenistana däl, Ýewropanyň energiýa import edýän ähli ýurtlaryna garşy hem Moskwanyň öz energiýa söwdasy boýunça güýç ulanmaga taýýardygyny görkezmek nukdaýnazaryndan berk duýduruş berdigi bolar.

Meniň pikirimçe, Orsýet Günbatarda şeýle ýurt hökmünde tanalmak islemeýär. Eger ykdysady gatnaşygy boýunça Orsýet güýç ulanmaga synanyşsa, bu Günbatarda Moskwa energiýa boýunça ynamdar hyzmatdaş däl diýen pikiri döreder. Şonuň üçin Orsýet bu ugurda öz harby güýjünden peýdalanar diýlen pikire men o diýen goşulmaýaryn. Şeýlelikde biziň etmeli işimiz, Orsýet bilen aç-açan gürleşmekdir. Ýagny ors ýolbaşçylarynyň gözüne seredip, biz şeýle diýmeli: “Bu proýekt siziň bähbidiňize gabat gelmeýär, ony bilýäris, emma geliň, bilelikde işleşeliň”.

Meniň pikirimçe, esasanam Hazaryň Türkmenistan tarapynda Orsýetiň kärhanalarynyň amala aşyryp biljek işi köp. Eger şeýle gazgeçiriji gurulsa, Orsýet hem mundan peýda gazanyp biler.

Şol bir wagtyň özünde-de Orsýetiň özi hem Hazarda uly proýektleri amala aşyrdy. Ol Hazaryň merkezinde ýerleşýän gaz ýatagyny özleşdirip ony Hazaryň gyrasyna akdyrjak proýektler boýunça iş alyp bardy.
Meniň pikirimçe, orslaryň amala aşyran proýekti bilen Hazaryň bir gyrasyndan beýleki gyrasyna guruljak gazgeçirijiniň arasynda hiç hili tapawut ýok.

Azatlyk Radiosy: ABŞ-nyň Ýewraziýanyň energiýasy boýunça ýörite wekili ilçi Riçard Morningstar hem ýakynda Türkmenistanda boldy. Onuň bu saparynyň Türkmenistanyň energiýasy barada gürrüňleriň ýygjamlaşan häzirki pursatyna gabat gelmegi nämäniň alamaty bolup biler?

Jon Roberts: Şeýle proýektler, umuman aýdylanda, hususy kärhanalar tarapyndan özleşdirilip we olar tarapyndan gurulýar. Emma türkmenler şeýle islendik proýektiň gurulmagyna hökümetleriň kepil geçmegini isleýärler. Olar ýewropalylar bilen hem şu mesele hakda pikir alyşýarlar. Ilçi Morningstar bilen hem türkmenleriň şu hakda pikir alşan bolmagy mümkin.

Meniň pikirimçe, ilçi Morningstar türkmenlere hususy şirketler bilen gepleşiklerini ýygjamlaşdyrmagy maslahat beren bolmaly. Ol şeýle proýektleriň hususy kärhanalar tarapyndan amala aşyrylýanlygyny we Günbatarda bular ýaly proýektler boýunça hökümetara ylalaşykalryň zerurlygynyň ýokdugyny aýdan bolmaly.

Meniň pikirimçe, eger Türkmenistan ähli ylalaşyklaryň hökümetleriň arasynda bolmagyny isleýän bolsa, munuň howply tarapy - hiç haçan ylalaşyk gazanyp bolmazlygynyň ähtimaldygydyr.
XS
SM
MD
LG