Sepleriň elýeterliligi

Yrakly häkimiň öýüniň golaýynda partlama boldy


Yragyň Diwaniýa şäherinde welaýat häkiminiň öýüniň golaýynda iki awtoulag partladyldy.

Ýerli resmileriň berýän maglumatyna görä, bu wakada 20 töweregi adam öldüpdir, 30-a golaý adam ýaralanypdyr .

Diwaniýa Bagdadyň 150 kilometr günortasynda ýerleşýär.

Bu partlamalaryň janyndan geçen hüjümçiler tarapyndan amala aşyrylan bolmagy mümkin.
XS
SM
MD
LG