Sepleriň elýeterliligi

Siriýada ähliumumy günä geçişlik yglan edildi


Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad ýurt boýunça ähliumumy günä geçişligi yglan etdi.

Ýurduň resmi SANA habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, günä geçişlik şu ýylyň 20-nji iýunyna çenli amala aşyrylan jenaýatlara degişlidir.

Ýurduň dürli künjeklerinde onlarça müň siriýalynyň ýurduň baýdaklaryny we prezident Başar al-Assadyň portretlerini göterip, köçelere çykandyklary habar berilýär.

Oppozisiýanyň berýän maglumatyna görä, mart aýynyň ortlaryna Başar al-Assadyň režimine garşy başlanan protestleri basyp ýatyrmak üçin hökümetiň geçirýän çärelerinde 1,400 adam öldürilipdir, 10,000 töweregi adam tussag edilipdir.
XS
SM
MD
LG