Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň prezidenti indiki planlaryny yglan etdi


Adamlar Assadyň telewideniýede berlen ýüzlenmesini diňleýärler, Damask, 20-nji iýun.
Adamlar Assadyň telewideniýede berlen ýüzlenmesini diňleýärler, Damask, 20-nji iýun.
Duşenbe güni Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad ýurduň geljegi barada özüniň planyny, şol sanda ýurduň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri girizmek boýunça ädiljek ädimleri, şeýle-de täze saýlaw kanunyny işläp düzjek “milli dialog” komitetiniň düzüljekdigini yglan etdi.

Mart aýynda Assadyň režimine garşy başlanan protestlerden soň, bu onuň köpçülige ýüzlenip edýän üçünji çykyşydyr. Assad soňky çykyşynda häzir Siriýada ýüz berýän ýagdaýlary ýurduň taryhyndaky “aýgytlaýjy pursat” diýip häsiýetlendirdi. Şeýle-de ol “geljege tarap öňe ymtylmaga” çagyryş etdi.

Assad özüniň çykyşynda soňky ädiljek ädimleriň “ähli taraplaryň gatnaşjak milli dialogynda” maslahat ediljekdigini aýtdy: “Meniň öň hem aýdyşym ýaly, duşuşyklar arkaly bolýan wakalara has anyk göz ýetirmegi maksat edinýärin. Ýöne men özümi milli dialogyň bir bölegi hökmünde görýärin. Milli dialog diňe käbir sektorlar boýunça çäklendirilen görnüşde bolmaz. Bu hökümet bilen oppozisiýanyň arasyndaky dialogy hem aňlatmaýar. Şeýle-de bu diňe bir syýasy matlaplar bilen çäklendirilmeli däldir. Bu ähli tarapyň milli meseleler boýunça dialogy bolmalydyr”.

Assad çykyşynda demonstrantlaryň öňe sürýän esasy talabyndan, ýagny özüniň häkimiýetden tiz wagtyň içinde çetleşmegi baradaky talapdan sowa geçdi.

Protestçiler Assadyň režiminiň tarapdarlarynyň adam öldürmelerini we gynamalaryny bes etmegine, şeýle-de azat metbugata girizilen gadaganlyklary ýatyrmaga hem çagyrýarlar.

Assad özüniň çykyşynda adam hukuklaryny goraýan toparlaryň ýurduň demirgazygynda hökümet güýçleriniň protestleri gazaply basyp ýatyrýandygy baradaky habarlaryny hem ret etdi.

Basyp ýatyryş

Hökümetiň protestleri basyp ýatyrmak boýunça geçirýän çärelerinde 1,400 töweregi adam öldürilipdir hem 10,000-e golaý adam tussag edilipdir.
Oppozisiýa aktiwistleriniň berýän maglumatlaryna görä, hökümetiň protestleri basyp ýatyrmak boýunça geçirýän çärelerinde 1,400 töweregi adam öldürilipdir hem 10,000-e golaý adam tussag edilipdir. Şeýle-de 11, 000 töweregi bosgun Siriýany terk edip, Türkiýä gaçyp geçdi.

Amerikanyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Wiktoria Nuland Siriýanyň hökümetiniň öz raýatlaryna garşy zalymlygyny “elhenç” diýip häsiýetlendirdi. “Siriýda öldürilen bigüna adamlaryň aglabasy howpsuzlyk güýçleriniň elleri bilen ýok edildi” diýip, Nuland belledi.

Şeýle-de Assadyň çykyşyndan soň, Britaniýanyň daşary işler ministri William Hag Siriýanyň režiminiň kanunylygyny ýitirýändigini belledi.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew hem duşenbe güni özüniň çykyşynda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň kabul etjek rezolýusiýasynyň garşysyna özleriniň weto hukugyny ulanyp biljekdigini aýtdy. Ol bu rezolýusiýanyň Siriýa garşy harby çäre üçin ulanylmagynyň mümkindigini öňe sürýär.

Emma prezident Medwedew Siriýa barada beýleki çagyryşlaryň, “şol sanda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinden beýanatlaryň bolmagynyň mümkindigini” sözüniň üstüne goşdy.
XS
SM
MD
LG