Sepleriň elýeterliligi

70 ýyl mundan ozal gitlerçi faşistik goşunlar ozalky SSSR-iň üstüne ähtiýalanlyk bilen çozdular. Şeýlelikde Soýuzyň düzümindäki respublikalaryň halklary üçin Beýik Watançylyk urşy başlandy.

Ony türkmenistanly ýigitleriň on müňlerçesi harby gullugy geçip ýörkäler garşylapdylar. Gynansak-da, Beýik Watançylyk urşuna biziň ýurdumyzdan jemi näçe adamyň gatnaşandygy hakynda anyk maglumatlar hatda Türkmen sowet ensiklopediýasynda-da, Türkmenistanyň taryhyndan ýazylan kitaplarda-da duş gelmeýär.

Belli taryhçy Nurmämmet Rahymowyň "Siz Türkmenistanyň taryhyny bilýärsiňizmi?" diýen kitabynda getirilýän maglumatlara görä, Türkmenistandan fronta 200 müňden gowrak adam gidipdir. Olaryň 50 müň çemesi Watany goramak ugrundaky söweşlerde wepat bolupdyr.

Saparmyrat Nyýazow bolsa 700 müňe golaý türkmenistanly esgeriň soweş meýdanynda galandygyny nygtapdy. Eger-de geçen asyryň 40-njy ýylynda respublikamyzyň ilatynyň sanynyň 1 million 200 müň adam bolandygyny göz öňünde tutsaň, bu san juda artdyrylandyr.

Mekdep ýyllarynda aňymda galan sanlar 300 müňden gowrak türkmenistanlynyň fronta gidendigini, olaryň 140 müňden gowragynyň söweş meýdanlarynda galandygyny hakydama getirýär.

Bu maglumatlaryň hiç birinde-de otuzynjy ýyllarda beýleki respublikalara sürgün edilen ildeşlerimiziň şol ýurtlardan urşa gatnaşanlarynyň, wepat bolanlarynyň sany göz öňünde tutulmaýar. Taryhçylarymyz bu meseläni nazardan salyp gelýärler.

Welaýatlar, Aşgabat şäheri boýunça "Hatyra" kitaplarynyň neşir edilmegi gowy zat. Ýöne urşa gatnaşan hiç bir esger unudylmaly däldir. Hakyky gahrymanlaryň ornuna ýolbaşçylaryň pederlerini, ata-babalaryny goýjak bolmak nädogrudyr.

Türkmenistanlylaryň Beýik Ýeňşe saldamly goşant goşandyklaryna olaryň 70 müňden gowragynyň söweş orden-medallary bilen sylaglanandyklary, 76-synyň, şol sanda ýurdumyzda doglanlaryň 25-siniň Sowet soýuzynyň Gahrymany diýen belent ada, 13-siniň "Şöhrat" ordeniniň üç derejesine-de mynasyp bolandyklary tassyklaýar.

Tylda bolsa esasan aýal-gyzlar, ýetginjekler, hatda çagalar hem edermenlik görkezdiler, zenanlarymyz urşuň fonduna altyn-kümüş şaý-sepleriniň 8 tonna golaýyny tabşyrdylar, ildeşlerimiziň birnäçesi öz pullaryna tanklary, uçarlary ýasatdylar.

Käbirleriniň 1941-45-nji ýyllaryň urşy türkmenler üçin Watançylyk urşy däl, çünki olar Türkmenistandan uzakda kesekileriň topragyny goradylar diýip ýazmaklary taryha soňundan düzediş girizjek bolmakdyr, faşizme garşy uruşda baş goýan ýurtdaşlarymyzyň ruhuny ynjytmakdyr.

Aşyrguly Baýryýew Aşgabatda ýaşaýan garaşsyz žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory, Deýwid Börk adyndaky halkara baýragynyň laureaty. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG