Sepleriň elýeterliligi

Janly tebigatyň milli muzeýinde


Janly tebigatyň milli muzeýinde ýyrtyjylar, ot iýýän haýwanlar, ýerde we suwda ýaşaýanlar hem-de demir gözeneklerde saklanýan guşlar saklanýar.

Janly tebigatyň milli muzeýinde ýyrtyjylar, ot iýýän haýwanlar, ýerde we suwda ýaşaýanlar hem-de demir gözeneklerde saklanýan guşlar saklanýar.

Bir ýyla golaý wagt mundan ozal gurluşygy tamamlanyp, ulanylmaga berlen Gökderedäki Janly tebigatyň milli muzeýine diňe aşgabatlylar däl, eýsem, ýurduň ähli etraplaryndan paýtagta gezelenje gelýänler hem dünýäniň dürli künjeklerinden getirilen täsin haýwanlara tomaşa etmäge barýarlar. Ozal şäheriň içinde bar bolan haýwanat bagy ýerleşişi boýunça ilatyň barmagy üçin amatly hasaplansa-da, ol şu günüň talabyna laýyk däldi.

Janly tebigatyň milli muzeýine ýygy-ýygydan baryp görmegi halaýan aşgabatly ýaşaýjy, 65 ýaşly pensioner Ogulnur daýzanyň aýtmagyna görä, döwlet derejesinde alada edilip, täze haýwanat bagynyň gurulmagy ildeşlerimizi begendirdi.

Ogulnur daýza indi bir ýylyň dowamynda öz agtyklary bilen bu muzeýe bir näçe gezek baryp görüpdir. 42,5 gektar meýdanda ýerleşdirilen Janly tebigatyň milli muzeýine her gezek baranda, onuň haýsydyr bir künjündäki haýwanlary synlap gaýdýandygyny ol aýdýar.

“Bu muzeý gurluşy boýunça Janly tebigatyň milli muzeýine däl-de, dynç alyş seýilgähine köp çalym edýär. Suw çüwdürimleri, gök otlar, suwly ýapjagazlar bilen bezelen muzeýiň daş-töweregi hem, içi hem örän arassa saklanýar. Gökderäniň tämiz howasynda gezelenç etmek ýakymly bolsa-da, täsin haýwanlara tomaşa etmäge gelýänler üçin onuň içine aýlanyp çykmak agyr düşýär. Adamlaryň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, janly-jandarlaryň ýerleşdiriliş tertibini, biri-birine golaýrak edilen bolsa has oňat bolardy” diýip, Ogulnur daýza nygtaýar.

Muzeýiň ýerleşýän meýdançasynda saýaly agaçlar az ekilipdir. Bar bolan agaçlaryň, ýaşajyk arçalaryň ýetişmegi üçin entäk kän wagt gerek. Türkmenistanyň yssy howa şertlerini nazara alyp, bu ýere gelýänler üçin, kölegelik basdyrmalary köpräk gurmaklyk göz öňünde tutulmandyr. Yssy howada her ýerde-her ýerde ýerleşen kölegelik basdyrmalara ýetmek adamlara aňsat düşenok.

Ogulnur daýzanyň aýtmagyna görä, Janly tebigatyň milli muzeýine girmek üçin tölegler elýeterli. Giriş biletiniň bahasy uly ýaşly adamlar, ofiserler üçin bir manat. Mekdep ýaşyna ýetmedik çagalar üçin, esgerler üçin 40 teňňe. Üç ýaşyna ýetmedik çagalar üçin mugtyna hyzmat edýän muzeý ir sagat 9-dan, agşam sagat 18-e çenli işleýär.



Meýdançalarda ýerleşdirilen reproduktorlar hepdäniň her birinji gününiň, dynç alyş günüdigini habar berýär.

Şäher bilen muzeý aralygyna awtobus gatnawy ýola goýlan bolsa-da, awtobusyň gelerine iki sagatlap garaşmaly bolýarsyň. Wagtynda gelmeýän awtobusa garaşmak üçin awtoduralga gurulmandyr. Muzeýiň açylyş dabarasy üçin gyssagarada gurlan asfalt ýoluň rekonstruksiýasy öz hususy ulagyň bilen bu ýere gelmäge kynçylyk döredýär.

Ozalky haýwanat bagy bilen deňeşdireniňde bu ýerde täsin haýwanlaryň dürli görnüşleri hem, sany hem juda köp. Akwariumlardaky dürli balyjaklary, beýleki haýwanlary synlamak örän gyzykly. Ýöne haýwanlar üçin gurlan jaýlar göwrümi boýunça juda uly. Yssa çydam edip bilmeýän haýwanlar jaýlaryň törüne gidip gizlenýärler. Haýsy jaýda, nahili haýwanyň ýerleşýändigini diňe diwarda asylyp goýlan tagtajyklardan okap gaýtmaly bolýarsyň.

Muzeýiň howlusynyň içinde bu ýere gelýänlere hyzmat etmek üçin “Jeren dükany” atly dükan ýerleşdirilipdir. Dükanda çaga oýnawaçlary, çaga egin-eşikleri, baklaşkalara gaplanan suwlar satylýar. Harytlaryň bahalary ýokary. Ýanyň bilen içeriň ýaly suw götermeseň, suwsuzlykdan kösenýärsiň.

“Muzeýiň içinde her ýerde, her ýerde suw satylýan dükanjyklar goýlan bolsa gowy bolardy. 15-nji iýunda döwlet baştutany dikuçar bilen şäheriň gurluşyklaryny synlamaga sapar etdi. Şonda ol Janly tebigatyň milli muzeýinde kemçilikleriň örän kändigini belledi. Bizde islendik gurluşygy howul-hara ýetişdirmegiň aladasy edilýär. Bir ýyl gowrak wagt geçse-de, henizem düzedilmedik kemçilikleri döwlet baştutany görýänçä, degişli ýolbaşçylaryň gözüne ilmeýär. Kemçilikler indiden soň düzedillse-de, ilat hoşal boljak” diýip, Ogulnur daýza sözüniň üstüne goşdy.

Türk firmasy tarapyndan gurlan, hil taýdan pes hasaplanýan muzeý jaýlarynyň eýýäm hatardan çykyp, bejeriş-abatlaýyş işlerine mätäçleriniň kändigi, daşy mermer daşlary bilen örtülen eksponatlara niýetlenen üç gatly binanyň daşyndaky mermer daşlarynyň gopýanlygy sebäpli, ony tutuşlygyna täzelemegiň göz öňünde tutulýandygy barada muzeýiň işgärleriniň gürrüň berendigini Ogulnur daýza sözüniň soňunda aýtdy.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG