Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Grek hökümeti ynam ses berişliginde aman galdy


Gresiýanyň permýer-ministri Jorj Papandreonyň hökümeti parlamentde bolan ynam ses berişliginde aman galdy.

Hökümet çarşenbe güni irden 300 orunly parlamentde 155 ses aldy.
Papandreonyň Sosialist partiýasynyň parlamentdäki ähli agzasy hökümeti goldady.

Papandreo geçen hepde hökümetiň düzümini täzeläp, maliýe ministrini çalşyrandan soň halk içinde oňlanmaýan tygşytlaýyş çärelerine goldaw almak üçin parlament ses berişligini talap etdi.

Bu çäreler grekleriň iş taşlaýyşlaryna we köpçülikleýin protestlerine sebäp boldy we hökümeti iki bölüp, premýer-ministriň meşhurlygynyň aşak gaçmagyna getirdi.

Habarlarada aýdylmagyna görä, premýer-ministr ynam sesini alyp bilmese, Gresiýa irki saýlawlary geçirmeli bolardy.

Ýewropa Bileleşigi we Halkara pul gaznasy, agyr bergä batan ýurda 110 milliard ýewro bermek şerti astynda, Gresiýanyň berk tygşytlylyk çärelerini görmegini talap etdi.
XS
SM
MD
LG