Sepleriň elýeterliligi

Ban Ki-mun ikinji möhlete BMG-niň başlyklygyna saýlandy


BMG-niň Baş assambleýasy Ban Ki-muny BMG-niň Baş sekretarlygyna ikinji möhlete hem saýlady.

Günorta Koreýaly 67 ýaşly diplomat Ban klimat özgermesi, ýadro ýaragsyzlanyşygy we aýallar meseleleri barada eýelän pozisiýalary üçin öwgä mynasyp boldy.

Ýöne ol adam hukuklary meselesinde Hytaý, Orsýet ýaly güýçli döwletler babatda has tankydy pozisiýa eýeläp bilmezlikde tankyt edildi.

Onuň ikinji möhleti 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlanýar.
XS
SM
MD
LG