Sepleriň elýeterliligi

Pakistanly ofiser jeňçiler bilen ilteşigi üçin tussag edildi


Häkimiýetler pakistan goşunynyň baş edarasynda gulluk edýän uly derejeli ofiseri gadagan edilen jeňçi topar “Hizb-ut-Tahrir” bilen ilteşiklilikde gümanlap tussag etdiler.

Goşun sözçüsi general-maýor Athar Abbas brigadir Ali Hanyň golaýda bu topar bilen ilteşiklilikde güman edilip tutulandygyny aýtdy we goşunyň bu hili işler bilen hiç bir jähtden eglişik etmejegini sözüniň üstüne goşdy.

Emma Abbas Hanyň “Talyban” bilen ilteşikli däldigini aýtartyn nygtady.

“Hizb-ut-Tahrir” bir halkara yslam guramasy bolup, ol yslam halyfatyny dikeltmegi hem musulman ýurtlaryny dini kanun esasynda birleşdirmegi maksat edinýär.
XS
SM
MD
LG