Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde bolan uçar heläkçiligi sürüjiniň ýalňyşlygyndan görülýär


Orsýetiň demirgazyk-günbatarynda bolan uçar heläkçiliginde 44 adam ölüp, 8 adam ýaralandy. Uçar Kareliýa respublikasyndaky Petrazawodsk aeroportuna bir kilometr çemesi galanda uly ýolda gonmaga synanyşdy we ýykylyp, ýalna gaplandy.

Aman galan 8 adam, şol sanda bir ene we onuň 9, 14 ýaşly ogullary agyr ýagdaýda hassahana ýerleşdirildi.

Habarlarda uçaryň ýoldaky maşyna baryp urlandygy aýdylýar. Ol maşynda näçe adamyň bardygy we olara näme bolandygy bada-bat belli edilmedi.

Derňewçiler uçar heläkçiliginiň sebäbini anyk aýdardan entek gaty irdigini aýdýarlar. Emma premýer-ministriň orunbasary Sergeý Iwanow bu hadysa pilotyň ýalňyşlygynyň sebäp bolany açyk diýdi.
XS
SM
MD
LG