Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daýhan haklary nädip kämilleşdirilip bilner?


ÝHHG-niň Aşgabatdaky edarasy we Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrligi tarapyndan bilelikde gurnalan Daýhan hojalygy boýunça seminara gatnaşyjylar, Aşgabat, 2009-njy ýylyň aprel aýy.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky edarasy we Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrligi tarapyndan bilelikde gurnalan Daýhan hojalygy boýunça seminara gatnaşyjylar, Aşgabat, 2009-njy ýylyň aprel aýy.
Türkmen metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň parlamenti ýerli öz-özüňi dolandyryşyň, ýagny halk maslahatlarynyň welaýat, etrap, şäher guramalarynyň hukuk esaslaryny güýçlendirmek boýunça iş geçirmekçi. Hususan-da, ýerli häkimiýetiň wekilçilikli organlary babatda taýýarlanýan kanun proýektine halkara normalaryny girizmegiň we olaryň roluny güýçlendirmegiň planlaşdyrylýandygy aýdylýar.

Golaýda bolan hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň başlygy Akja Nurberdiýewa bu ugurda ýörite tabşyryk berdi. Onuň sözlerine görä, ýerli halk maslahatlary regionlaryň ykdysady, medeni we sosial ösüşine has işjeň gatnaşmaly.

Ýöne ýerli synçylar we hukuk goraýjylar regionlarda öz-özüňi dolandyryş kadalarynyň köplenç sözde we kagyz ýüzünde galýandygyny, halk maslahatlarynyň bolsa diňe döwlet propagandasynyň bir guraly bolup hyzmat edýändigini we hakykatda olaryň oba adamlarynyň, daýhanlaryň hukuklaryny berjaý etmekde we hakyky ösüşe gulluk etmekde netijesiniň azdygyny aýdýarlar.

Eýse, Türkmenistanda ýerli guramalaryň, daýhanlaryň pikiriniň diňlenmegi, olaryň öz bähbitlerini gorap bilmegi üçin näme edilmeli? Azatlyk Radiosyndan Ýowşan Annagurban bu barada adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda Nyýazow döwründe ýerli öz-özüňi dolandyryş ýa-da Halk maslahaty parlamentden hem ýokaryk çykaryldy we şahsyýet kultuny döretmegiň guralyna öwrüldi. Emma soň prezident Berdimuhamedow Halk maslahatynyň bu roluny ýatyrdy, şonuň bilen bir wagtda-da ol Halk maslahatlarynyň welaýat, etrap, şäher çäklerinde ykdysady, medeni we sosial ösüşe has işjeň gatnaşmagyny üpjün etjek kanunlary kabul etmäge çagyrýar. Siziňçe, bu çagyryşlar Türkmenistanda ýerli öz-özüňi dolandyryşyň roluny güýçlendrip bilermi?

“Türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin
Farid Tuhbatullin: Elbetde, türkmen kanunçylygynyň üstüniň täze düzgünnamalar, täze kanunlar bilen ýetirilmegi, bir tarapdan gowy zat, ýöne ol ýerde ähli problema Türkmenistanda bar bolan kanunlaryň ýerine ýetirilmezligi bilen bagly. Mysal üçin, türkmen häkimiýetleri hemişe halkara guramalaryna ol ýa-da beýleki kanunlaryň kabul edilýändigini görkezmäge synanyşýarlar. Emma biz öz tarapymyzdan, alternatiw hökmünde, şol kabul edilen kanunlaryň hakykatda ýerine ýetirilmeýändigini subut etmäge synanýarys. Gynansak-da, bu ýurt üçin uly problema bolup durýar. Täze kanunlaryň halkara standartlaryna gabat gelmegi ýa-da olaryň Türkmenistanyň halkara guramalarynyň öňünde boýun alan borçlaryna laýyk gelmegi olaryň ýerine ýetiriljegini aňlatmaýar. Şu sebäpden men ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda kabul edilmeli kanun peýda bolaýsa-da, onuň işlejegine şübheli garaýaryn.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda bar bolan kanunlaryň işlmeýändigi hakynda sizden başga-da aýdýan az däl. Eýse, ol ýerde kanunyň işlemegi üçin näme etmeli diýip pikir edýärsiňiz?

Farid Tuhbatullin: Meniň başda hem aýdyşym ýaly, Türkmenistanda bar bolan kanunlar işlemeýär, sebäbi olary ýerine ýetirmeýärler. Elbetde, kanunlaryň işlemegini üpjün edýän uniwersal metodlar, usullar bar. Bu ozaly bilen hakykatda işleýän parlamente bagly, bizdäki parlament diňe bezeg funksiýasyny ýerine ýetirýär.

Mundanam başga, bizde kanunlaryň ýerine ýetirilişine baha berýän we häkimiýet wekilleri tarapyndan kanun maddalary bozulan halatynda adamlaryň ýüz tutup biljek ýeri bolan Konstitusion sud hem ýok. Bizde ombudsmen instituty hem ýok. Bu adam hukuklarynyň berjaý edilişine, şol sanda oba ýerleriniň ýaşaýjylarynyň haklaryna gözegçilik edýän döwlet gurluşy we şeýle institut öňki sowet respublikalarynyň Türkmenistandan başga hemmesinde bar.

Ýöne kanunlaryň işlemeginde iň netijeli mehanizm metbugat azatlygy bolup durýar. Eger žurnalistler we adamlar ýerli häkimiýetleriň we döwletiň öz kanunlaryny bozýan halatlary barada açyk ýazyp, metbugatda çykyş edip bilseler, döwlet gullukçylyry indiki gezek kanun bozmaga çekinerdiler we parlamentiň kabul edýän kanunlaryny berjaý etmäge çalşardylar.

Meniň pikirimçe, şu üç aspekt kanunlaryň berjaý edilmegine kömek edýär, ýöne gynansak-da, olaryň hiç biri Türkmenistanda ýok.

Azatlyk Radiosy: Bolşewikleriň taryhyndan bilşimiz ýaly, Wladimir Iliç Leniniň daýhanlary ýeriň, işçileri zawod-fabrikleriň eýesi etmek hakynda beren sözi bar, emma ne sowet döwründe, ne ondan soň türkmen daýhany ýer eýesi boldy. Bize gowuşýan habarlara görä, türkmen daýhanlaryna kärendesine az ölçegde ýer berilýär we ol ýeri dürli bahanalar bilen yzyna almak, başga birine bermek praktikasy dowam edýär. Munuň üstesine, daýhan ekjek ekinini, önümini satjak ýerini hem erkin, öz ykdysady bähbitleri, aljak ýokary girdejisi esasynda özbaşdak kesgitläp bilmeýär. Şol bir wagtda ol ýerde daýhanlaryň hukuklaryny goraýan döwlete garaşsyz jemgyýetçilik guramalary, syýasy partiýalar hem ýok. Şeýle ýagdaýda türkmen daýhanlarynyň hukuklary nädip goralyp biler?

Farid Tuhbatullin: Türkmen daýhanlarynyň hukuk ýagdaýy, dogrudanam, örän garaşly, olar ýerde işlemek mümkinçiligi bolmadyk halatynda, propiska düzgüni sebäpli, şäherlere gidip, başga ýerde azat-erkin gazanç etmek mümkinçiliginden hem mahrum.

Ýadyňyzda bolsa, Nyýazow öz wagtynda her maşgala 50 gektar ýer bermek barada gürrüň edipdi. Ýöne soň bu gürrüňler ýatyp galdy, belki-de häkimiýetler beýle ýagdaýda daýhanlaryň öz ýerleriniň hojaýyny bolmagyndan, baýamagyndan we özlerinden, ýerli häkimiýetlerden we döwletden çekinmeklerini bes etmeginden gorkandyrlar. Görnüşine görä, bu tejribäni prezident Berdimuhamedow hem dowam etdirýär.

Meniň pikirimçe, olar daýhanalara ýer bermekden, azatlyk bermekden gorkýarlar. Men bu ýerde azatlyk diýip, daýhanlara öz ekjek ekinlerini özleriniň kesgitlemek hukuklarynyň berilmegini, ýagny olaryň satanlarynda has köp girdeji alyp biljek ekinleri ekip bilmegini göz öňünde tutýaryn. Bazar şertlerinde ýaşaýan daýhanlar üçin sowet döwründäki, sosializm zamanyndaky döwlet planlary, ýokardan berilýän buýruklar peýdaly bolup bilmez. Bu ýagdaýda daýhanlar öz hukuklaryny nädip gorap biler?

Dogrusyny aýtsam, olaryň öz hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegi üçin suda ýüz tutup, ýeňiş gazanmagy üçin doly bahaly kanun esaslary we bu ugurdaky praktiki tejribeleri ýeterlik däl. Olar, belki-de, bileleşip prezidente ýa parlamente kollektiwleýin hat ýazyp bilerler. Men, elbetde, gozgalaňa-beýlekä çagyramok, ýöne olaryň öz hukuklaryny talap edip üýşmäge we adaty miting geçirmäge konstitusion hukuklary bar diýip pikir edýärin. Olar diňe şeýle usulda öz hukuklaryny gorap bilerler. Men bu ýerde başga bir mehanizm görmeýärin.
XS
SM
MD
LG