Sepleriň elýeterliligi

Bahreýnde sekiz aktiwist ömürlik azatlykdan mahrum edildi


Bahreýnde hökümeti agdarmaga synanyşykda aýyplanyp, sekiz sany şaýy aktiwisti ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi.

Sud diňlenişiginde jemi 21 adamyň işine seredildi. Bularyň 14-sinden galany gaýybana sud edildi.

Şeýle-de Milli howpsuzlyk sudy 13 adama 15 ýyl türme tussaglygyny bermek barada karar çykardy.

Mart aýynda Bahreýniň hökümeti şaýy musulmanlary üçin has köp syýasy azatlygy talap edip geçirilen protestleri basyp ýatyrypdy.

Resmileriň aýtmagyna görä, "jenaýatçylar" Sünni monarhiýasyny agdyrmak isläpdirler, şeýle-de olaryň "ýurduň daşyndaky terrorist guramalary" bilen ilteşigi bolupdyr.

Hökümetiň aýtmagyna görä, fewral aýynda başlanan protestlerde Eýran tarapyndan goldanylýan “Hezbollah” hereketiniň hem eli bolupdyr.
XS
SM
MD
LG