Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Italiýa Liwiýa derhal gumanitar kömegiň berilmegini isleýär


Italiýanyň daşary işler ministri Franko Frattini Liwiýanyň halkyna gumanitar kömegiň berilmegi üçin, ol ýerdäki harby operasiýalaryň derhal duruzylmagyna çagyryş etdi.

Şeýle-de Frattini NATO-nyň Liwiýa garşy amala aşyrýan howa hüjümlerinde parahat ilatyň arasyndan ýitgileriň bolandygy üçin, ýaranlygya bolan ynamyň hem sarsyp biljekdigini duýdurdy.

Bu aralykda Hytaý Liwiýanyň pitneçileriniň Milli geçiş geňeşini “gepleşikler geçirmek üçin möhüm hyzmatdaş” hökmünde ykrar edýändigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG