Sepleriň elýeterliligi

Klinton Orsýetiň täze partiýany hasaba almazlygyndan lapykeç boldy


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Birleşen Ştatlar Orsýetiň Adalat ministrliginiň Halkyň azatlygy partiýasyny, PARNASY hasaba almakdan boýun gaçyrmasyndan lapykeç boldy diýýär.

Klintonyň beýanatynda bu hereketiň PARNASY-ň rus dumasyna boljak saýlawlara gatnaşmagynyň öňüni alýandygy aýdylýar.

Ozalky premýer-ministr Mihail Kasýanow, ozalky premýer-ministriň orunbasary Boris Nemsow we beýleki birnäçe syýasatçy geçen aý täze oppozision partiýany hasaba aldyrmak üçin zerur dokumentleri tabşyrdy. Emma Adalat ministrligi olaryň arzalaryndan bir topar kemçilik, şol sanda ýok agzalaryň atlaryny hem tapandygyny aýtdy.

Rus oppozisiýa lideri Boris Nemsow çarşenbe güni Azatlyk Radiosyna munuň bikanun we syýasy matlaply karardygyny, eýýäm sekiz sany oppozisiýa partiýasynyň toslama bahanalar esasynda hasaba alynmandygyny aýtdy.

Nemsow hakykatda hiç bir oppozision topara geljekki parlament saýlawlaryna gatnaşmaga ýol berilmeýändigini we munuň saýlawy däl-de, häkimiýeti eýelemek üçin guralýan ýörite operasiýany aňladýandygyny sözüniň üstüne goşdy.
XS
SM
MD
LG