Sepleriň elýeterliligi

Hytaý hudožnik Eý Waýweýi girew astynda azat edýär


Hytaý häkimiýetleri hudožnik Eý Waýweýi girew astynda azat etdi. Sinhua habar gullugy dünýä belli hudožnik we dizaýner Eýiň salgyt tölemekden gaçalak edendigini boýun alandan soň we hroniki keselden ejir çekýänligi üçin azat edilendigini aýtdy.

Eý Britaniýanyň ITV telekanalyna öýüne gelenden soň beren gürrüňinde: «Men gurgun. Meniň ýagdaýym gül ýaly, meniň saglygym gowy» diýdi. Ol şulardan başga zat aýdyp bilmejegini aýtdy.

53 ýaşly Eý 3-nji aprelde Hong-Konga gitjek bolanda Pekiniň halkara aeroportunda tussag edildi.

Eý hytaý hökümetiniň berk tankytçysy we onuň tussag edilmegi başga pikirlileriň basylyp ýatyrylmagyna gabat geldi hem Günbatar döwletleriniň, şol sanda Birleşen Ştatlaryň we ÝB-niň tankydyna sebäp boldy.
XS
SM
MD
LG