Sepleriň elýeterliligi

ÝB parahatçylykly Garabag çözgüdine tarapdar


ÝB-niň ýerine ýetiriş guramasynyň başlygy Ýewropa Bileleşiginiň Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky Daglyk-Garbag dawasynyň parahat çözgüdini isleýändigini aýtdy.

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barroso bu beýanaty Azerbaýjanyň sapardaky prezidenti Ylham Alyew bilen bilelikde çykyş eden metbugat ýygnagynda etdi.

Şeýle-de Barroso Alyýew bilen syýasy reformalar we kanun düzgünine hormat goýmak barada maslahat edendigini aýtdy.

Hukuk toparlary aprel aýynda Bakuwda arap gozgalaňlaryndan ruhlanyp guralan protestlerde Alyýewiň işden çekilmegine çagyran we «azatlyk» diýip gygyran adamlaryň 150 çemesiniň tussag edilendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG