Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ysraýyl BMG-ä flotiliýa aladasyny bildirýär


Ysraýylyň ilçisi Ron Prosor Birleşen Milletler Guramasyna hukuk aktiwistleriniň planlaşdyrýan halkara flotiliýasy baradaky aladasyny beýan etdi. Bu flotiliýa Ysraýylyň Gaza zolagyna deňiz gabawyny sorag astyna alýar.

Prosor BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-munuň adyna we Howpsuzlyk geňeşine ýollan hatlarynda bu flotiliýanyň prowokasiýadygyny we çynlakaý netijelere getirip biljegini aýtdy.

Şu aýyň aýagynda Ortaýer deňzine edilmegine garaşylýan syýahata azyndan dokuz gämi gatnaşmaly we olaryň arasynda amerikanlar tarapyndan doldurylan gämi hem bar. Syýahatyň başlanmgy howa ýagdaýyna we beýleki faktorlara bagly bolar.

Geçen ýyl şeýle syýahat mahalynda ysraýyl komandasynyň türk gämisine geçiren emelsiz reýdi netijesinde dokuz sany türk aktiwisti öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG