Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň başlygy siriýa lideri ynamy ýitirdi diýýär


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada bil baglarlygy ýok diýdi we BMG-niň Howpsuzlyk geňeşini Siriýa krizisi babatdaky bölünişigi ýeňip geçmäge çagyrdy.

Ban žurnalistlere: «Men onuň aýdýan zatlarynda bil baglar ýaly kän zat görmeýärin» diýdi.

Şeýle-de ol Howpsuzlyk geňeşi Siriýa krizisi barada pikirini aýtsa gaty peýdaly bolardy diýdi.

Orsýet we Hytaý Ýewropa döwletleriniň geňeşiň Siriýa zorlugyny ýazgarmagy barada teklip eden rezolýusiýasyna weto goýjakdygyny aýdyp, haýbat atypdy.

Aktiwistler Siriýada martyň ortasyndan bäri dowam edýän anti-hökümet protestlerinde 1,400 çemesi adamyň öldürilendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG