Sepleriň elýeterliligi

Daniýa sudy somalyly paltaly erkege 10 ýyl berdi


Daniýanyň şikaýat sudy Muhammet pygamberiň karikaturasyny çeken hudožnigiň öýüne paltaly giren adama 10 ýyl türme tussaglygyny berdi.

Aarhus şäheriniň sudy Muhidin Mohammed Gille fewral aýynda kiçiräk bir sudda berlen 9 ýyla ýene bir ýyl goşdy.

30 ýaşly Gille 2010-njy ýylyň Täze ýyl gününde daniýa hudožnigi Kurt Westergardyň öýüne paltaly giripdi. Westergard öz howsala otagynda içinden gulplap oturyp, aman galypdy.

Sud hudožnigiň öýüne paltaly giren adamy terrorizm synanyşygynda günäli tapdy.

Tussagyň aklawçysy bu hökümiň üstünden Daniýanyň Ýokary suduna şikaýat etjegini aýdýar.

Gille özüniň Westergardy öldürjek bolmandygyny, diňe gorkuzjak bolandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG