Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Owganystandan 33 müň amerikan esgeriniň çykaryljagyny yglan etdi


Owganystandaky amerikan esgerleriniň sany azaldylar
please wait

No media source currently available

0:00 0:05:41 0:00

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama: “Urşuň möwjemesi peselip, Amerika Owganystanda özüniň “Talybany” we ”Al-Kaýdany” ýeňmek maksadyna ýetip gelýär” diýip, üstümizdäki ýyl 10 müň, geljek ýyl hem 23 müň esgeriň Owganystandan çykaryljakdygyny bildirdi.

Çarşenbe güni agşam Birleşen Ştatlaryň ençeme telekanalynda tutuş ýurtda görkezilen çykyşynda Obama esgerleriň indi Owganystandan çekilmegi üçin mümkinçiligiň döränligini belledi. Onuň aýtmagyna görä, bu mümkinçiligi döreden zat ABŞ bilen onuň ýaranlarynyň “Al-Kaýdanyň” güýjüni ep-esli peseldip, “Talybana” agyr zyýan ýetirme maksadyna ýetenligi, şeýle hem Owganystanyň howpsuzlyk güýçlerine öz ilatyny goramaga ýeterlik türgenleşdirilendigi.

Obama: “Esgerleri çykarmak işine biz güýçli pozisiýadan başlaýarys. “Al-Kaýda” häzir gysyş astynda. Onuň 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndan bärde munça basyş astyna düşen mahaly ýok. Biz pakistanlylar bilen birlikde “Al-Kaýdanyň” ýolbaşçylarynyň ýaryndan gowragyny sandan çykardyk. “Al-Kaýdanyň” ýeke-täk lideri Osama bin Ladeni öldürdik. Munuň üçinem biz öz aňtaw we ýörite güýçlerimize borçly” diýdi.

Prezident Obama Amerikanyň uzaga çeken urşuny soňlamak üçin barha artýan gysyş astynda dur. Kongresiň agzalarynyň köpüsi owgan konfliktine ýeňiş gazanyp bolmajak, harajaty çekerden agyr, amerikanlaryň ganynyň dökülmegine mynasyp uruş däl diýip garaýarlar.

NATO-nyň öten noýabrda Lissabonda geçen sammitinde Birleşen Ştatlar bilen onuň ýaranlary Owganystanda barýan harby operasiýalaryň 2014-nji ýyla çenli soňlanmagy barada ylalaşdylar. Şondan beýläk olaryň işi Owganystanyň howpsuzlyk güýçlerini goldamak bolar. NATO-nyň häzir Hindiguşda 132 müň esgeri bar.

Obama howpsuzlyk jogapkärçiligini owganlaryň özüne geçirmek işine köp ýerlerde eýýäm başlanandygyny bildirdi. Ol bu hakda şeýle diýdi: “Owganystanyň öz howpsuzlyk güýçleriniň sany 100 müňden agdy. Biz käbir welaýatlarda we şäherlerde howpsuzyk jogapkärçiligini owgan halkynyň özüne tabşyrmak işine eýýäm başladyk. Zorluk we gorky bilen ýüzbe-ýüz dursalar-da, owganlar öz watany üçin söweşýärler, ölýärler. Olar ýerli polisiýa güýçlerini döredýärler, bazarlar we mekdepler açylýar. Aýallar we gyzlar üçin täze mümkinçilikler döredilýär. Şeýdip, onlarça ýyla çeken uruş sahypasyny ýapmaga synanyşylýar”.

Obama uruşdan ýaňa dargan bu regionyň asuda geljegini howpsuzlandyrmak üçin hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi barada özüniň Pakistan hökümetine görkezýän gysyşyny dowam etdirjekdigini bildirdi.

Başyny çararmy?

Ýöne harby operasiýalary tamamlamak üçin göz öňünde tutulan geljek üç ýylyň içinde Owganystanyň bütinleý howpsuz, öz başyny çaraýan bir döwlet bolup biljekdigine hiç kim ynananok. Muňa ilkinji nobatda hem Amerikan jemgyýetçiligy ynanmaýar.

Prezident Hamid Karzaýyň hökümetinde korrupsiýanyň ýok ýeri ýok. Parahat ilatdan heläklenýänleriň sany 2001-nji ýyldan bärde öten ýyl ilkinji gezek özüniň iň ýokary derejesine ýetdi. Muňa hem, Birleşen Milletler Guramasynyň aýtmagyna görä, “Talyban” jogapkär.

Ak Tam esgerlei çykaramgy iki fazada bitirmekçi. Bäş müň esger şu tomus, galan bäş müň hem şu ýylyň aýagyna çenli yzyna dolanmaly. Geljek ýyl 23 müň esger Owganystandan çykarylar. Onsoň Owganystanda galan amerikan ýaragly güýçleriniň sany 70 müň töweregi bolýar.

Lawrans J. Korb “Amerikan öňegidişligi” merkeziniň ýokary derejeli ylmy işgäri hem-de Birleşen Ştatlaryň goranmak ministriniň öňki kömekçisi. Ol esgerleriň sanynyň aşakladylmagy käbir strategik özgerişlere getirer diýen pikirde: “Meniň pikirimçe biz NATO-nyň jogapkärçiligi owganlaryň özüne köpräk tabşyryp, ünsüni pitneçilikden köp, antiterror diýilýäne gönükdirenine şaýat bolarys. Başgaça sözler bilen, amerikanyň ýaragly güýçleri diňe Owganystanyň öz howpsuzlyk güýçleri bir işiň hötdesinden gelmedik halatynda ýa “Talyban” bir regiona aralaşan ýagdaýynda ara goşular”.

Obamanyň plany 2012-nji ýylyň noýabrynda geçmeli prezidentlik saýlawyndan öň 33 müň esgeriň yzyna dolanyp gelmegini aňladýar. Halkyň isleýäni bu urşuň basym soňlanmagy. Urşa edilýän çykdajy bir şu ýylyň özünde 120 milliard dollara bardy. Amerikanlardan ölenleriň sany 1500 töweregi.

Birleşen Ştatlarda häzir işsizlik derejesi 9 prosentden ýokary. Ykdysadyýet ýene gowşaýar. Şol sebäpden prezident Obama öz çykyşynyň soňunda içki meselelere üns berilmeginiň aşa gyssaglydyny aýtdy.

“Öten on ýyllykda edilýän bergi artyp, ykdysadyýet kyn günleri başdan geçirýärkä, biz uruş üçin bir trillion dollar çykdajy etdik. Indi bolsa maýa Amerikanyň iň uly baýlygy – öz halkymyza goýulmaly. Öz ýagdaýymyza görä ýaşap, täze iş orunlaryny we senagaty döretjek innowasiýany çaltlandyrmaly. Infrastrukturamyzy abatlap, täze, arassa energiýa çeşmelerini tapmaly. Iň möhümi, on ýyla çeken hyjuwly çekişmelerden soň, indi bu urşuň başalanan mahalynda aramyzda bar bolan umumy maksada dolanyp gelmeli” diýip, Obama aýtdy.
XS
SM
MD
LG