Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow telefonda Ahmedinejad bilen gürleşdi


Çarşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejad bilen telefon arkaly gürrüňdeşlik geçirdi.

Eýran tarapynyň inisiatiwasy bilen geçirilen bu gürrüňdeşlikde iki ýurduň prezidentleri Türkmenistan bilen Eýranyň hyzmatdaşlyklarynyň dürli ugurlary barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň resmi habar agentligi bu gürrüňdeşlikde Eýranyň prezidentiniň Türkmenistanyň üsti bilen gurulýan Demirgazyk-Günorta halkara demirýol magistralynyň ähmiýetine ýokary baha berendigini habar berýär.

Şeýle hem, gürrüňdeşlikde prezident Berdimuhamedow özüniň terrorizme garşy göreş meselesi boýunça Eýranda geçiriljek halkara konferensiýasyna çagyrylmagyna hem öz minnetdarlygyny bildiripdir. Ýöne onuň bu konferensiýa gatnaşyp-gatnaşmajakdygy barada anyk maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG