Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Geçen ýylky owgan saýlawlarynyň 25%-i güýçsüz


Şu gün Owganystanyň ýörite sudy geçen ýyl parlamente we ýerli geňeşlere geçirilen saýlawlarda berlen sesleriň 25 prosente golaýyny güýçsiz diýip yglan etdi.

Suduň başlygy Syddykullah Hakyk gaýtadan geçirilen ses sanalyşygynyň netijesinde käbir deputatlara berildi diýilýän sesleriň belli bir böleginiň güýçsiz diýlip yglan edilendigini, käbir deputatlara berlen sesleriň bolsa ozalbaşky görkezileninden has artdyrylandygyny aýtdy.

Owgan parlamentiniň aşaky palatasynyň sekretarynyň orunbasary Mohammad Farhad parlamentdäki 249 deputatdan 60-syna berlen seslere bu ses sanalşygynyň täsir edendigini aýtdy. Ýöne munuň nähili täsir edendigi barada ol anyk maglumat bermedi.
XS
SM
MD
LG