Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gürjüstanda 8 sany aktiwiste garşy jenaýat işi gozgaldy


Şu gün Gürjüstanyň Içeri işler ministrligi ýurduň oppozisiýa liderlerinden biri Irakli Okuraşwilini ýurduň içine getirmek maksady bilen bikanun ýaragly topary döredenlikde 8 sany aktiwiste garşy jenaýat işiniň gozgalandygyny mälim etdi.

Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, bu ýaragly topar geçen aý Tbiliside gurnalan protest çykyşlary wagtynda Irakli Okuraşwilini Gürjüstana getirmek üçin oňa ýardam bermäge çalşypdyr.

Gürjüstanyň ozalky goranmak ministri, oppozisiýa liderlerinden biri Irakli Okuraşwili korrupsiýada özüne garşy bildirilen jenaýat aýyplamalarynyň yzy bilen ýurdy terk edipdi.
XS
SM
MD
LG