Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yslamy nasizm bilen deňän deputat günäsiz diýlip yglan edildi


Şu gün Amsterdam şäheriniň sudy gollandiýaly aşa sagçy parlament deputaty Giirt Wilderse musulmanlary kemsitmekde bildirilýän aýyplamalar boýunça geçirilen diňlenişikde ony günäsiz diýip yglan etdi.

Giirt Wilders habar serişdelerinde eden çykyşlarynda we 2008-nji ýylda döreden dokumental filminde yslam dinini nasizm bilen deňäpdi.

Gollandiýanyň sudy deputat Wildersiň yslam dinine garşy çykyşlarynyň musulmanlary kemsidýändigine garamazdan, munuň immigrasiýa bilen baglanyşykly kadaly syýasy debatlaryň normasyndan çykmaýandygyny mälim etdi.

Giirt Wilders suduň bu kararyny «Gollandiýada söz azatlygy üçin gazanylan ýeňiş» diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG