Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz-özbek serhedinde 13 adam öldürildi


Şu gün Gyrgyzystanyň günortasyndaky Batken raýonynda adamlaryň bir topary serhediň üstaşyry geçmekçi bolanlarynda, özbek serhetçilerileriniň atan okundan azyndan 13 adamyň ölendigi barada maglumat alyndy.

Özbegistanyň resmileri Azatlyk Radiosyna beren maglumatlarynda özbek serhetçileriniň diňe serhedi bikanun bozanlara garşy ýarag ulanandyklaryny mälim etdiler.

Geçen hepde Gyrgyzystanyň serhetýaka bazaryndan haryt alyp, bikanun serhedi bozanda, serhetçileriň atan okundan 22 ýaşly özbek raýaty Muzaffar Şodmonow ölüp, onuň ýanyndaky iki adam hem ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG